Paradise
15.09.2020 18:56
Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet,
Indi iýjek bolup bir düwüm çörek,
Ondan öň iýýärin müň düwüm minnet.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşyň agramy asylýar çepden,
Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,
Dik başyny egip basylýar gepden.

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym,
Şolaryň öňünde aşak egilýär,
Zalym duşmanlara egmedik başym.

Ýene gaýtalaýan,gaýtalarynam,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken,
Durmuşa höwesim artaýar öýtsem,
Artýan zat diňeje ýaman päl eken.

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,
Käbämiň saçlaram bu gün çal eken,
Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,
Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

Ulalmak çyndanam kyn eken Kaka,
Dostlam bilen oýnamagy söýerdim,
Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,
Ýadan wagtym "Oýnajak däl!" diýerdim.

Çyndanam ulalmak añsat däl eken
Saýañdakam beýle kyndyr öýtmedim,
"Name üçin ulalasyn gelyär?"diýilende,
Bu arzuwymyn agyrdygyny aytmadyn

Awtory:Kerim Hallyýew
41
242
Doctor
16 Sentýabr 2020
Very nice poem!!???
Gülhan
15 Sentýabr 2020
Paradise, Gowy Hudaýa şükür. Özñüz näili.
Myhman Myhman
15 Sentýabr 2020
Sag bol Jennet bu gośgy ãhli soraglara jogap tapdy šahyr juda ezber ..(Medine)❤
S_guvanjova
15 Sentýabr 2020
Govy gosgy ???
Paradise
15 Sentýabr 2020
Гульхан, Gowmy gulum barmyn senem
Gülhan
15 Sentýabr 2020
Ýadan wagtym "oynajak däl' diyerdm. ? Gaty Täsirli.!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.