Paradise
05.09.2020 19:38
Yşka düşmekligem sogapmyş, sogap!
Öýkelär, öňünde etmesem togap,
Men muňa entegem tapamok jogap,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýansa, gara bagry topraga oýka!
Bize kyn günde-de bolar ol arka,
Munuň üçin menden etmesin öýke,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýiter gider - duýgyňyzy ýaşyrmaň,
Ýöne ony hetdindenem aşyrmaň,
Meniň tylla başymy bir çaşyrmaň!
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Ýaşaň siz, ýaşamak höwesi bilen!
Adamzat gözeldir haýasy bilen,
Alňasap, çigrejik howasy bilen,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Gözüm ýaşdan dolýar, bilsedim diňip!
Ýürek ýanyp durka, bolmaýar dymyp,
Sary ýapraklaryň ahwalyn duýup,
Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.
44
238
guli_
6 Sentýabr 2020
:)han:)gyz:),Salam millet
:)han:)gyz:)
6 Sentýabr 2020
Salam

Doctar okuwlar nahili
Doctor
6 Sentýabr 2020
:)han:)gyz:), salam
:)han:)gyz:)
6 Sentýabr 2020
Men bar
Doctor
6 Sentýabr 2020
kim bar???
Selbiniyaz
5 Sentýabr 2020
Gulnar_03,sag bol jorajan. ????
guli_
5 Sentýabr 2020
Selbiniyaz,75 80menm onunden charlatan❤?

Selbiniyaz,gutlayan diyjegim
Selbiniyaz
5 Sentýabr 2020
Gulnar_03,ohooo tuveleme gutlayan. Sentyabryn 15inde meninem kakam bn ejemin durmus toylaryna 20yyl bolya 77 79 njy yyllarmy ejen bn kakan
guli_
5 Sentýabr 2020
Doctor,Ol erwet waka name haz ony sorasam onam aytmarsyn. Garasyas

Selbiniyaz,Selbi gosulyverin hemmanizi soyyan . Su gun basagayrak bollum ejem bn kakamyn durmus toylaryna 20yyl bolly sony bellap otyrdyk
Selbiniyaz
5 Sentýabr 2020
Doctor,garasyan mena. Matematigammyn menin halamayan sapagym. Menem edebiyady okayyn Berdinazar Hudaynazarovy gecdik biza eyyam yone algebradan yene basga sapaklary gecmedik

November05,sizem sag bolun gosulyn bize oziniz ozinizi cetleyaniz biz sizi gosyas gelseniz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.