Paradise
03.12.2020 18:25
Kimi soýup, kimiň gözün oýsaňam,
Kimi ýakyp, ýa doňduryp goýsaňam,
Bu gün bizden doýmasaňam, doýsaňam,
Ýagşa tutaweri päli dünýä, heý.
Gör, bu ömre düýşdir diýseň, düýşem däl,
Ýalançy sen, çyndanam bu biçem däl.
Entejikler etjek-goýjak işim kän,
Egläweri munda häli dünýä, heý.
Bu jahandan giden kän-de, gelen ýok,
Şu mahalam, muny neçün bilen ýok?
Tonna-tonna gant guýubam bolanok,
Süýjüdip bir ajy käli dünýä, heý.
Dert-aladaň gerdeniňde dag bolup
durka çetin gezmek keýpi çag bolup.
Düşnüşmek kyn seniň bilen sag bolup,
Eý, däli dünýä heý, däli dünýä, heý...
Annamuhammet KIRŞEN.
50
167
Paradise
01.12.2020 21:45
Gyşa ýüzlenme
Men seni söýýärin eý owadan gyş,
Hemem ezizlejek enem mysaly.
Sen kalbyma çaýsaň bir şuglaly yşk,
Menem eräp dursam şemiň mysaly.
Ýyl paýawlap ýerler ýatyr saň-gaty,
Ýyl aýagy gyşyň başy dekabr.
Wagt duranok, şapak eräp, daň atyp,
Onsaň maňa gussa çekmek derkarmy.
Ömür geçse, ötägitsem ýel deýin,
Özge gapylary kakmasa ýeter.
Ýürekdeş dostuma sowgat elteýin,
Goý, ol bir begensin çagadan beter.
Gyňyr däl, mähirli, kiçigöwün gyş,
Dünýä aşyk bolup, asmandan gaýyp,
Ak gülli ýaýlada ýaza çalymdaş,
Ak garlaryň ýagyp durşam ajaýyp.
44
93
Paradise
19.11.2020 21:29
Niçik ajap, ganatlaryn galgadyp,
Göwnüň her dem müň hyýala münmegi.
Ot üstünde lowlap duran kitiriň,
Syr bermezden „lakyr-lakyr“ gülmegi.
Bilýärin, ýylanyp bolmajagyny,
Mydam „ot-ot“ diýip ýöreniň bilen.
Şonda-da söýýänňe, ahyr geljegňe
Ynanar ýörerin ýüregim bilen.
Bu dünýäň bar işi diňe biz däldir,
Ýyllar geçer, Gözden uçar keşbiňem.
Ýöne, ynan! Entek ýürek urýarka,
Hatda goşar sagadymyň sesi-de,
Ýüregimiň her bir gürsüldisi-de,
Seniň aýak sesiň bolup eşdiler...
Kakamyrat Rejepow
51
380
Paradise
08.11.2020 14:47
Eg başyñ egligne kaýyl men,
Ýöne ýolaýyrtda goýma saddylla...
Men senden köp zada umydygär däl,
Penañda saklasañ bes maña Allam.
Bereniñe şükür bilen gezerin,
Çarp urman ugrunda köp zady almañ.
Elimde baryma nesibe eçil,
Adyma baglama "zar" ady Allam!
Eçilen bagtyñdan başymy aýlap,
Boş sallançak ýaly atdyrma hallan...
Jägildi ber, oýnawaç ber, mähir ber,
Ömrüm gury agaç ötdürme Allam!
Mährabyña sežde edip gezere,
Iblisiñ, nebisiñ alyndan g:alla!
Kelemesiz, amanadyñ sorama
Gora imansyzyñ halyndan Allam!
Laçyn Öwezowa
48
163
Paradise
06.11.2020 18:39
Beg başymy bendi eýlän klasdaş,
Dünýämde gün bolup ýalbyran sensiň.
Sen meň çüwen ykbalyma kybapdaş,
Ömrüme ýal bolup gülbürän sensiň.
Mekdep ýyllarymyza aýla nazaryň,
Ah, söýýän diýip niçe hatlar ýazanym.
Jadyly güýç bolup, alyp ýüregim,
Gözde gözýaş bolup, bulduran sensiň.
Mekdep ýyllarymyz geçip gitse-de,
Sönmez söýgim duşdan heňňam ötse-de,
Şol ýyllar, her jaňda, arakesmede,
Bagrymy paralap sülmürän sensiň.
Düşmesin ykbala ajy aýralyk,
Söýýän sözüň meniň toýum-baýramym.
Bol sen meniň soňlanmajak aýdymym,
Ýüregimiň soňsuz mukamy sensiň.
Goşa göreşlere sygýan Dünýe bi,
Diňe çyn söýgä baş egýän Dünýe bi.
Saňa berdim, ykbalymy-köňlümi,
Kalbymda yşk odun ýandyran sensiň.
Kakamyrat_Rejepow
47
122
Paradise
31.10.2020 18:20
Asman garalmasa, ýagyş bolmaýar,
Daşlary köwmeseň, nagyş bolmaýar.
Hataň ýokdur mende bagyşlanmaýan,
Dünýe deý giň göwne baglama gulp,
Ählisin unut!
Kuýaşmydyň ykbalyma garylan,
Gözýaşmydyň ýüregime syrygan?!
Indi dünýäň gursagyny dörübem,
Sen meni tapmarsyň, bilýäň-ä anyk...
Şoň üçin unut!
Gyşa haýyr ýokdur tomsuň çogundan,
Geçen güni ýatlap, keýpiň çag olmaz,
Çykyp bu dar oý-pikirleň çäginden,
Diňe ak niýetleň gujagna siňip,
Ählisin unut!
Hözir bolmaz, ömürden hem, serden hem,
Gözüň ýaşlap, yzymda sen örtenseň,
Düşün, janym, juda iňrik görseň-de,
Asman deý köňlüňe dolmanka bulut,
Ählisin unut!
Näme diýse, diýibersin başgalar,
Günä saýýan kölegäňi basmagam.
Erkiň alyp, ýüregiňde at salan
Päk yşkyňy tämiz ertire goýup,
Ahlisin unut
Kakamyrat Rejepow
49
299
Paradise
07.10.2020 17:21
Ejeme...
Ilki sözlän "ejem" diýende dilim,
Guýupdyň gursaga mähirli söýgiň,
Intäk degmese-de kömege elim,
Joralaň ýanynda ýetirdiň öwgim...
Irkildiň,
Oýandyň,
Ser salan atdyň!
Ýorganymy çekip başymy ýapdyň,
Daňdanlar oýanyp bar iş bitensoň,
"Gyzym turaý" diýip mähiriň gatdyň!
Gara saçlarymy darardyň eje,
Ýüzlerimi elleň bilen sypadyň!
Şunça mähir derdim egisdiñ nije,
Ýene-de söýgiňi şonça küýsedim...
Belki, sizi begendirsem her pursat,
Ýarsyp azalardy, doluşan gasyn..
Elewreýär, "Balam" diýeňde gursak,
Ýaşadýanam eje barlygy asyl!
Tämizje ündewiň kalbymda terip,
Ony kä-tä ýeke-ýalňyz çöşledim.
Syrymy açýaryn ýüregim gerip,
Iň düýbünde duýgularmy keşledim...
Bilýän, agyrdandyrn ene ýüregiň,
Sowuk sözlem basylandyr sussuňa,
Ýöne aglatmadym ýekeje sapar,
Ak goşmadym gara saçlaň üstüne...
Derdiň bolsa ýeňledeýin öñküden,
Seniň gyzgyn elleriňden tutaýyn,
Söýýän sizi bütin älemden geçip,
Behişdi jenneti ýüzden òpeýin!
Ejemjanym sözleriňi keşdeläp,
Bu durmuşa mylaýymlyk beripsiň!
Asyl siz ekeni bagta seźdegàh,
Balaň üçin uçsyz dünýà gelipsiň!
Aýgül Ataýewa...
52
233
Paradise
01.10.2020 21:08
Geň göremok meni ýakyp gidişiň,
Ahwallary ýanan känä ahyry!
Haýwatlarňa üzülemok eşidip,
Dünýäniň bir durky haýbatdan doly...
Seretmedim aýna kän bir eglenip,
Seredilip baramokdym üýtgeşik,
Sebäpsiz kalbymdan sen ýitip durkaň,
Bezenenim, berip durmazla gelşik...
Bakmadym dik başymy galdyryp,
Görsem derdim körejekdi öňküden,
Dertlerim başymy egipdir basyp,
Berç tutan deý, gysyp gezdim ünjilem...
Gamlanypdy çyndan gülen ýüzlerim,
Sarsypdy söýgüden galkynan ruhum,
Ýylgyryşym maňa agy berensoň,
Aglamak bolupdyr ýeketäk gohym...
Ýok, gözýaşlam ýazgaranyň üçin däl,
Seni gözüm gapyp halanym üçin,
Seniň beren bagtly günleň üçin däl,
Bagta ýetjek bolup ylganym üçin...
Aýgül Ataýewa...
47
264
Paradise
29.09.2020 13:28
Uzak ýyllardan soñ jañ etdiñ, kursdaş
Syryp wagtyñ galñap giden nikabyn:
"...Mende galan eken talyp döwrümiz
Okamaga alan şygyr kitabym.
Şu gün säher hakyt oñümden çykdy..."
Söhbet açýañ peýwagtyña, arkaýyn.
...Ah, men sende diñe kitabymyñ däl,
Kän zadym galanyn...
Munça yyldan soñ...
Nädip aydayyn?!
Sende gögerçin deý gusurdap duran
Aşyk yürek galdy.
Gül göwün galdy.
Meniñ ter hem tämiz günlerim galdy...
Bar zatlara sessiz-sessiz darygyp,
Ýok zatlara şat-şat gülmegem galdy...
Sende galdy bozulmadyk çygyrlar,
Yazylan hem yazylmadyk şygyrlar...
Her gün arakesma howlugmalarym,
Sebäpli-sebäpsiz tolgunmalarym.
Küti äýnek, yiti gözli mollumlañ
Sapaklary galdy sende diñlenmän.
Galdy penjireden uzak añedip,
Öz ýanymdan täsin-täsin hiñlenmäm...
...Eşdilip dur sesiñ...
Göýä göwnümiñ
Notasyn tapmadyk mukamy ýaly.
O kitabam, näme...
Saklaber indi
Meniñ şo-ol pakize duýgularymyñ
Gaty açylmajak kitaby ýaly...
Kakamyrat REJEBOW
51
528
Paradise
18.09.2020 20:43
Geçmiş...
Käte unutsamda seniñ barlygyñ,
Geljegiñ yşkynda ser-sepil wagtym.
Yzda gol bulap dur,hol öñki keşbim,
Şindem gözleýän deý,nämälim bagtyn.
Birmahallar göwnüm gökde uçjakdy,
Ganatymy ýekän-ýekän gyrdylar.
Deñiz ýaly joşup duran göwnümiñ,
Daşgynyna daşdan böwet gurdular.
Ganatlarym gyryp,erkim syndyryp,
Göwün guşum uçurmadyk geçmişim.
Seniñ beren birje bagtyñ üçinem,
Geçirmäge borçlydyryn etmişiñ.
Çünki öwredipdiñ,göwün guşuma,
Uçup bilmän ýer üstünde ýörände.
Ädimlerni dogry basyp gezmegi.
Galan zatlar ýazgydymdyr dörämde,
Diýip,geçmiş saña kineli bakman,
Unudaýyn şol hyýalbent arzuwlam.
Öñde-soñda ýene ýere düşmeli,
bolýan eken soñlananda arzuwlañ...
Gyzylgül Annagylyjowa
40
136