Ejeme...
Ilki sözlän "ejem" diýende dilim,
Guýupdyň gursaga mähirli söýgiň,
Intäk degmese-de kömege elim,
Joralaň ýanynda ýetirdiň öwgim...
Irkildiň,
Oýandyň,
Ser salan atdyň!
Ýorganymy çekip başymy ýapdyň,
Daňdanlar oýanyp bar iş bitensoň,
"Gyzym turaý" diýip mähiriň gatdyň!
Gara saçlarymy darardyň eje,
Ýüzlerimi elleň bilen sypadyň!
Şunça mähir derdim egisdiñ nije,
Ýene-de söýgiňi şonça küýsedim...
Belki, sizi begendirsem her pursat,
Ýarsyp azalardy, doluşan gasyn..
Elewreýär, "Balam" diýeňde gursak,
Ýaşadýanam eje barlygy asyl!
Tämizje ündewiň kalbymda terip,
Ony kä-tä ýeke-ýalňyz çöşledim.
Syrymy açýaryn ýüregim gerip,
Iň düýbünde duýgularmy keşledim...
Bilýän, agyrdandyrn ene ýüregiň,
Sowuk sözlem basylandyr sussuňa,
Ýöne aglatmadym ýekeje sapar,
Ak goşmadym gara saçlaň üstüne...
Derdiň bolsa ýeňledeýin öñküden,
Seniň gyzgyn elleriňden tutaýyn,
Söýýän sizi bütin älemden geçip,
Behişdi jenneti ýüzden òpeýin!
Ejemjanym sözleriňi keşdeläp,
Bu durmuşa mylaýymlyk beripsiň!
Asyl siz ekeni bagta seźdegàh,
Balaň üçin uçsyz dünýà gelipsiň!
Aýgül Ataýewa...