Paradise
18.09.2020 20:43
Geçmiş...

Käte unutsamda seniñ barlygyñ,
Geljegiñ yşkynda ser-sepil wagtym.
Yzda gol bulap dur,hol öñki keşbim,
Şindem gözleýän deý,nämälim bagtyn.

Birmahallar göwnüm gökde uçjakdy,
Ganatymy ýekän-ýekän gyrdylar.
Deñiz ýaly joşup duran göwnümiñ,
Daşgynyna daşdan böwet gurdular.

Ganatlarym gyryp,erkim syndyryp,
Göwün guşum uçurmadyk geçmişim.
Seniñ beren birje bagtyñ üçinem,
Geçirmäge borçlydyryn etmişiñ.

Çünki öwredipdiñ,göwün guşuma,
Uçup bilmän ýer üstünde ýörände.
Ädimlerni dogry basyp gezmegi.
Galan zatlar ýazgydymdyr dörämde,

Diýip,geçmiş saña kineli bakman,
Unudaýyn şol hyýalbent arzuwlam.
Öñde-soñda ýene ýere düşmeli,
bolýan eken soñlananda arzuwlañ...

Gyzylgül Annagylyjowa
40
136
safia
22 Fewral 2021
👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.