Geň göremok meni ýakyp gidişiň,
Ahwallary ýanan känä ahyry!
Haýwatlarňa üzülemok eşidip,
Dünýäniň bir durky haýbatdan doly...
Seretmedim aýna kän bir eglenip,
Seredilip baramokdym üýtgeşik,
Sebäpsiz kalbymdan sen ýitip durkaň,
Bezenenim, berip durmazla gelşik...
Bakmadym dik başymy galdyryp,
Görsem derdim körejekdi öňküden,
Dertlerim başymy egipdir basyp,
Berç tutan deý, gysyp gezdim ünjilem...
Gamlanypdy çyndan gülen ýüzlerim,
Sarsypdy söýgüden galkynan ruhum,
Ýylgyryşym maňa agy berensoň,
Aglamak bolupdyr ýeketäk gohym...
Ýok, gözýaşlam ýazgaranyň üçin däl,
Seni gözüm gapyp halanym üçin,
Seniň beren bagtly günleň üçin däl,
Bagta ýetjek bolup ylganym üçin...
Aýgül Ataýewa...