Paradise
Paradise
22.11.2022 01:15
Düşünmän ekenim şu güne çenli, Bu dünýäniň baýlygy nä, zeri nä?! …Geçen-geljek, tutuş ömrüň gymmaty Ýekeje söz bilen mündi terezä. Saňa «Söýýän!» diýdim,ýumup gözlermi, Derdim sumat boldy – kalbym
Paradise
20.11.2022 15:16
Bir akyldar: «Adamyň beýnisiniň ösmegi üçin iýmitiň gerek bolşy ýaly, ýüreklerem paýhas bilen iýmitlenip durmalydyr» diýipdir.
* * *
«Nähili adamlaryň akyl-paýhasly bolmagyny isleýärsiniz?» diýen sowala Hysrow patyşa: «Duşmanlarymyň» diýip jogap beripdir. «Sebäbi akylly adamlary erbetlik etmäge itermek kyn» diýibem sözüniň üstüni ýetiripdir.
* * *
Hysrow patyşadan: «Ogullaryňdan haýsyny gowy görýän?» diýip soranlarynda: «Beren sözünde tapylýanyny, masgaraçylykdan gaça durup, häzirki derejesinden has belende ýetmäge ymtylýanyny» diýip jogap beripdir.
* * *
Hindi akyldary: «Bu dünýäniň gyzygy edil deňziň suwy ýalydyr, adam näçe köp içdigiçe, şonça-da beter suwsaýar».
* * *
Üç zat yzyna dolanmaýar: wagt, söz we mümkinçilik. Şonuň üçin hem wagtyňy boş geçirme, diýjek sözleriňi saýla we mümkinçilikleri sypdyrma.
* * *
Hiç haçan ýykylmadyk adam däl-de, ýykylansoň, gaýtadan aýaga galan adam beýikdir.

* * *
Dünýäde iň kyn üç zat bar: syr saklamak, ýamanlygy unutmak we wagtyňy peýdaly ulanmak.
* * *
Ot – altyny, kynçylyklar bolsa, adamyň çydamlylygyny synaýandyr.
50
89
Paradise
20.11.2022 01:10
Bir akyldardan:

–– Dünýädäki iň halaýan adamyňyz kim? –– diýip sorapdyrlar. Olam:

–– Tikinçim –– diýip jogap beripdir. Sowal berenler geňirgenip:

–– Halypa, dünýäde başga adam gytmy? Näme üçin ala-böle tikinçini halaýarsyňyz? –– diýip soralarynda, akyldar şeýle jogap beripdir:

–– Hawa, dostlar! Men tikinçini halaýaryn. Sebäbi her gezek baranymda, ol meniň ölçegimi alýar. Emma başga adamlar welin beýle däl. Men hakda ilki başda nähili netijä gelen bolsalar, tä ölýänçäler şol göz bilen garaýarlar, şol ölçeg esasynda hereket edýärler.
72
419
Paradise
Paradise
16.11.2022 23:42
Bukjasynyñ bagyny, baglady gyz ýar-ýar, Enesiniñ ýüregini, daglady gyz ýar-ýar. Keşdä salyp döwrüni, nura bezär ömrüni, Ene-atanyñ göwnüni çaglady gyz ýar-ýar. Sünük barmak sünnäsi, üýtgeşik gyz
Paradise
Paradise
15.11.2022 21:38
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap, Ýene göz öňümde janlandy şol gün. Neçün, henizlerem bilip bilemok— Şol gün juda-juda göründiň solgun. Durnalaň toýnugna dikip nazaryň, Sypalap durşuňa güýzüň güllerin.
Paradise
29.10.2022 22:18
Soňky wagt iň kop dinleýän aydymym


Hiç kim bilmez içim ,özümden başga,
Öz-özümden maňa , syrdaş ýok başga.

Meň göwnüm öýkeli, içime salýan,
Gizläp hasratlary, men diňe ýylgyrýan.

Bu ömür geçip dur salgym ýaly,
Gynanýan ýatlap bar zady.

Ýüregim agla, agla şonda giňär dünýäm
Ýüregim agla,agla hasratlar gitsin durman...

Hiç zadyň soňy ýok munda,
Göwne degýän kän şonda-da........


Maral Durdyýewa- ýuregim agla
46
130
Paradise
Paradise
28.10.2022 19:48
Şeýle bir ýürekdeş söhbet edeli, Bar zat hakda dogry pikir ýöredip. Men-ä saňa özümmikam öýdeýin, Senem özüňi gör, maňa seredip. Meniň bu "hyň berip duran kellamem" Baş atyplar ýetişmesin
Paradise
Paradise
09.10.2022 20:59
Aşgabat asgşamlaryñ gözelligiñe görk goşar, Aşgabat agşamlaryñ kalbym ýüregim joşar.
Paradise
Paradise
25.09.2022 15:22
Adam dünýä injek çagy eneden, Ýüzbe-ýüz bolarmyş kysmaty bilen. Şatlygy, gussasy, derdi, dermany, Aý garaz ömrüniň kyssasy bilen. Şonda synlap dünýäň agyr synagyn, Ýüz öwürýän janam tapylýarmyşyn.
Paradise
Paradise
18.09.2022 10:58
Bolmasa-da söýgä gahar-gazabym, Köýüp barýar yşga çeken azabym. Indi-indi kem-kem düşünip barýan, "Söýüñ meni"-sine Gurbannazaryñ. "Ýekeje adama ýeterlik söýgi"... Ýekeje adamdan