Paradise
28.10.2022 19:48
Şeýle bir ýürekdeş söhbet edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-ä saňa özümmikam öýdeýin,
Senem özüňi gör, maňa seredip.

Meniň bu "hyň berip duran kellamem"
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe.
Baş näme- janyňam bagyş etseň bor...
Saňa şeýle dünýäsini dözene....

Men goşgy ýazsamam " dymma " diýdiler ,
" Gedemem "- diýdiler tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!

Sen-ä " mydam görsem " diýýäň käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene ýürekdeş söhbet edeli
Ah....meniň şeýle bir...gürlasim gelýär....
51
105
Myhman Myhman
28 Oktýabr 2022
Gaty gowy 👍👍👍👍
menesa___
28 Oktýabr 2022
Awtory : Aýgül Garaýewa 😌👍
NurberdiyewaAylar❤️
28 Oktýabr 2022
Men nadip taparkam govnuni hemman 💜💜💜
perizadym
28 Oktýabr 2022
🤍🤍🤍🤍🤍🤍
Gülhan
28 Oktýabr 2022
Ah meniñ şeýle bir gürläsim gelýär
Yaraly
28 Oktýabr 2022
👌👌👌
gozelka
28 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.