Paradise
22.11.2022 01:15
Düşünmän ekenim şu güne çenli,
Bu dünýäniň baýlygy nä, zeri nä?!
…Geçen-geljek, tutuş ömrüň gymmaty
Ýekeje söz bilen mündi terezä.


Saňa «Söýýän!» diýdim,ýumup gözlermi,
Derdim sumat boldy – kalbym tüýtmelän.
Gözüm açsam, ählije zat özgermiş,
Bu ne syrdyr?!
Ýa özümmi üýtgeýän?!

Ýap-ýaňja täzeden dörän deý dünýä,
Ne arman bar, ne gussa bar, ne kine.
Göz ýetirdim: bu owadan jahanda
Yşka düşmek – iň arzyly nesibe.

Sen nämä ýylgyrýaňýa-da göwnüňe,
Bolup ýörşüm hetdenaşa ýalymy?!
Hernäme diýseňem,şu pursat duýdum,
Men şu pursat duýdum ýaşaýanymy.

Köňlüm joşdy, öz-özüne sygmady:
«Syrym açdym – bolaýdy şu gezeg-ä…».
Geçen-geljek, tutuş ömrüň gymmaty
Ýekeje söz bilen mündi terezä.

Kakamyrat REJEBOW
52
60
Myhman Myhman
22 Noýabr 2022
💯👌😘😘😍😍😍
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2022
👍👏👍👏👍👏🐨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.