Paradise
25.03.2024 22:52
BU ÝYL BAHAR NIÇIK GE:RKÄ?!

Bu ýyl bahar niçik ge:rkä?!
Çogup gelermikä bu ýyl?!
Zülplerni örermi, çözlär,
bogup gelermikä bu ýyl?!

Çykdymyka durmuşa ýa?!
(Tebigatyň gurluşy bar).
Gaýtarmaň görme-görşünem
sowup gelermikä bu ýyl?!

Eli çeper, dili çeper.
Şol müşkün-ä hökman seper.
Altyn-kumuş, şaýa-sepe
doňup gelermi-kä bu ýyl?!

Üýtgeşikdir-le, üýtgeşik!
Geler,dünýäni üýtgedip.
Gussany tutup, tüýtmedip,
kowup gelermi-kä bu ýyl?!

Düşürip ýadyna menem,
Söýgi gülün berer, meger...
Şeýdermika, ýa-da ýene,
oňup gelermikä...bu ýyl?!

Aýgül Garaýewa
22
32
Paradise
24.03.2024 21:51
SENSIZLIK

Sensizlik ýalňyzlyk däl-de,
Sensizlik ýalňyşlyk boldy.
Sen gelseň ýaz hem geljekdi...
Gelmediň, gar-gyşlyk boldy.

Özboluşly dünýäm boldy.
(Gelmäňsoň wagty biläni.)
Nämüçin meni tapmadyň,
Meniň ýüregmiň diläni?!...

Ýok, men zeýrenemok, çynym.
Öz ykbalym hoşuma meň.
Islän bolsam başgalara,
bilerdim men goşulybam.

Aldanmagy halamamsoň,
Aldamagam ezýet maňa.
Arassa ruh,tebigylyk
Iň ullakän lezzet maňa.

Tukat görünsem gynanma.
Ol hälki...howaň täsiri.
Hemme görünýän zatlara
Ynanyp ýörşün nähili?!

Sensizlik ýalnyşam bolsa,
Ýalňyz bolmadym sensiz men.
Başda kem ýalydym, soň-soň
Bolup gitdim... bir kemsiz men.

Aýgül Garaýewa
24
25
Paradise
21.03.2024 20:57
NOWRUZA

Guşlar elwan ganatyny
galgadyp geler bu toýa!
Kişi göwnün ýarym-ýarty
sanmadyk geler bu toýa!

Geler hindi, geler hytaý.
Tebigatyň toýy bu toý!
Janymy janyna gatam,
Jan gatyp geler bu toýa!

Geler barçalaň halaly,
Geýinip keten, daraýy.
Ýagşy-ýaman, ak-garany
garmadyk geler bu toýa!

Köňülde, aňda idänim,
Birisi goşa didämiň.
Näçe görse dost didaryn
ganmadyk geler bu toýa!

Taryhy boýla, boýlasañ,
Türkmen bar ýerde toý bolar!
...Söze saz ýazyp duýgular,
aňladyp geler bu toýa.

Aýgül Garaýewa
28
31
Paradise
20.03.2024 15:50
Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly,
Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän.
Ýa derde sataşdy,
ýa-da ýüregne
Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.

Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary,
Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.
Näçe adam öýlerine howluksa,
Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.

Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,
Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.
Saýawanly gyzjagazny göterip,
Hanha, gidip barýar nowjuwan ata.

Jemläp bir damjada müňlerçe syry
Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.
Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň
Duşuşygy has lezzetli, başgaça.

Ýagýar hetden aşyp,
sygman adata,
Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.
Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,
Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.
25
31
Paradise
19.03.2024 22:17
«Undupdyryn, kän zat ýada düşenok».
(Indi bu sözlerim äleme ýaýrar...)
Seret ahyr, dolanmasaň wagtynda,
Men başga adama öwrülip barýan.

Menden öňki duýgy deňzi akanok.
Tebigatyň bir gahary gelmesin!
Men ykbaldan razy, näme alsa-da,
Ýöne menden, ylhamymy almasyn.

Men sensiz aglany güldürip bilmen.
Ýa agladyp bilmen, dolup ýöreni.
Maňa ylham gelsin,
Onsoň gara gyş
Gyzyl güller güllemesin, göreli!

Sen edil howa deý zerur ekeniň,
Bolmaz eken, seni zada çalyşmak.
Ylham, seniň göwnüňe kän degipdim,
Mümkin bolsa, ýazygymy bagyşla!
23
30
Paradise
19.03.2024 17:38
Ýollar meni sen ýanyňa äkider,
Näçe aýlaw, näçe çatryk bolsa-da..
Ýöne sen «Uzak-la?!» diýip, geň galma,
Bagtly ýollar kyn bolýandyr ýogsa-da.

Gowusy, meň sabrymdan sabyr böl-desen,
Öz sabryň üstüne sabyr sarap goý.
Hemem aýralyga göwün bölme sen,
Çykyp, zol-zol ýollaryma garap goý.

Men ak gyşda ak gar bolup bararyn.
Ýa, ýazda bararyn, meňzäp güllere,
Ýöne, sen ýadyňdan çykarma meni,
Hem göwnüňi berme özge dilbere.

Sen diňe garaşgyn, garaşgyn maňa.
Bir gün barýanymy aýdar ýagyşlar.
Men seni hiç zada deňäp bilmedim,
Senem meni hiç bir zada çalyşma!

Aýgül Garaýewa
26
49
Paradise
19.03.2024 14:57
Duýgulardan ýana döküljek bolýan,
Püre-pür men, dos-doly men,
diri men!
Ah, şonda-da gözleriňe ilemok.
Başaramok ýüregiňe giribem.

Bulutlary demim bilen süýşürip,
Nurlar sepýän seniň duran ýerlerňe.
Ah, sen bolsa, «Ýagyş ýagýar» diýýäň-de,
Saýawan gözleýäň meniň deregme...

Onsoň pikir bolup, beýniňe girip,
Gygyryp-gygyryp, adymy aýdýan.
Ah, sen bolsa, taşlap ähli işiňi,
Ady menzeş gyzyň ýanyna gaýdýaň...

Şahyrlygmyň, duýgurlygmyň haýrynyň,
degmejek ýerlerem bolaýjak eken.
Alhepus, seniň deý kütek adamam,
Dogulaýjak eken, dogaýjak eken!


Aýgül Garaýewa
25
29
Paradise
18.03.2024 20:25
ÝALŇYŞLARYMA MINNETDAR

Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!..

Baýram Bejidow
23
90
Paradise
15.03.2024 00:18
Sag elimiň gysymynda çep elim,
Ähli güýjüm bilen saklap otyryn.
Ýap-ýaňydy ýalňyzlygy çekenim,
Men häzir özümem tapman otyryn.

Kä pursatlar ýitip gidýär serimden,
Kä pursatda özüm ýitýän, geň gerek?!
Goşgy maňa demin alman garaşýar...
Maňa bolsa ýazmak üçin dem gerek,

hem sen gerek, ýogsa bilýän, sözlermi
geň görüp, birhili üşerýänsiňem.
Wah, men öz-özümi açyp bilemok,
Sen bir öz-özüňe düşünýänsiň-ä?!

Özümi ýitirip, saňa gowuşdym,
Senem indi meni gözle basymrak.
Seret, ho-ol oturan men dälmi eýse,
Sag elinde çep elini gysymlap...

Aýgül Garaýewa
24
28
Paradise
09.03.2024 20:06
ÝOKARDA BIR AÝ BAR

“Ýokarda bir Aý bar...”
“Ýokarda bir Aý bar...”
Ýene tanyş owaz, tanyş tolgunma...
Göwnüm galkyjaklap, guş bolup gaýýar.

Kän berene ogul,
Az berene – gyz,
Hatar-hatar ojaklara toý diläp,
Aýlanyp ýör, ynha, bir bölek arzuw,
Düýş deý geçen düýnlermizi gaýtalap.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Bu buşluga kagyz-galamym taşlap,
Atylyp çykýaryn işige törden.
Gör-le, çagajyklar iňňän sadaja
sözler bilen bizi şat edip ýörler.

A men weli goşgy ýazjak bolýaryn,
Söz gözläp sünnäli, çeperden şeker.
Ýöne ýürek yzlan ýönekeý sözler,
Asyl, ähli güýçden rüstem bor eken.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Ah, bir pursat çagalygňa dolanyp,
Bu şowhuna goşulyşsaň, gönenseň!
Ýöne... bolaýýarmy...
Ýokardaky Aý
Sallanjyrap guk gapdalňa gonansoň.

Şonda-da bu göwün göterlip barýar,
Ýaşalan ýaşlary piňine saýman.
Goý, gitsin ol, saklamaýyn... sebäbi
Ol günleriň gujagynda,
Pygamberler saçagynda
Mydam ýagşy päle, ýagşy hyýala,
Söze goýlan paý bar.
Bize goýlan paý bar!

“Ýokarda bir Aý bar...”
32
94