Paradise
18.03.2024 20:25
ÝALŇYŞLARYMA MINNETDAR

Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!..

Baýram Bejidow
23
90
ylham_gurbanaly
20 Mart 2024
@Paradise, Salam. Tassyklansa boldy. Post goýdum häzir)
Paradise
19 Mart 2024
ylham_gurbanaly
19 Mart 2024
@Paradise, bolýa ertir obeda çenli goýaryn. Şondan soň aýlanaýyň)
ylham_gurbanaly
19 Mart 2024
@Paradise, bolýa ertir obeda çenli goýaryn. Şondan soň aýlanaýyň)
Paradise
19 Mart 2024
ylham_gurbanaly
19 Mart 2024
@Paradise, teswiremi?
Paradise
19 Mart 2024
@ylham_gurbanaly, ha siz maňa 1 gün öňünden ýazyp goýun sagady bn men şonda girerin
ylham_gurbanaly
19 Mart 2024
@Paradise, gepleşigime çagyrjaklarymyň sanawy:)
Paradise
19 Mart 2024
@ylham_gurbanaly, naman sanawy
ylham_gurbanaly
19 Mart 2024
@Paradise, aý bolýala, saglyk bolsun. Sizemä sanawymda bar welin, haçan girjegiňizi bilemokda)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.