Paradise
09.03.2024 20:06
ÝOKARDA BIR AÝ BAR

“Ýokarda bir Aý bar...”
“Ýokarda bir Aý bar...”
Ýene tanyş owaz, tanyş tolgunma...
Göwnüm galkyjaklap, guş bolup gaýýar.

Kän berene ogul,
Az berene – gyz,
Hatar-hatar ojaklara toý diläp,
Aýlanyp ýör, ynha, bir bölek arzuw,
Düýş deý geçen düýnlermizi gaýtalap.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Bu buşluga kagyz-galamym taşlap,
Atylyp çykýaryn işige törden.
Gör-le, çagajyklar iňňän sadaja
sözler bilen bizi şat edip ýörler.

A men weli goşgy ýazjak bolýaryn,
Söz gözläp sünnäli, çeperden şeker.
Ýöne ýürek yzlan ýönekeý sözler,
Asyl, ähli güýçden rüstem bor eken.

“Ýokarda bir Aý bar..”
Ah, bir pursat çagalygňa dolanyp,
Bu şowhuna goşulyşsaň, gönenseň!
Ýöne... bolaýýarmy...
Ýokardaky Aý
Sallanjyrap guk gapdalňa gonansoň.

Şonda-da bu göwün göterlip barýar,
Ýaşalan ýaşlary piňine saýman.
Goý, gitsin ol, saklamaýyn... sebäbi
Ol günleriň gujagynda,
Pygamberler saçagynda
Mydam ýagşy päle, ýagşy hyýala,
Söze goýlan paý bar.
Bize goýlan paý bar!

“Ýokarda bir Aý bar...”
32
94
bitanem
15 Mart 2024
@Paradise, aý howa çagaly bolsañ şeýlede bolýa
Paradise
15 Mart 2024
@bitanem, salam gelen ýagşy. İrden iş bn çagalar bn oyun işleri bn basagay bp girmäge kan wagtymam yok dogrusy son un gije çagalary ýatyryp arkaýyn girayyan
bitanem
15 Mart 2024
Salam giç ýagşy siz nàme ùn diñe gije girýàñiz
sabyrly
9 Mart 2024
Kakamyrat aga bu goşgusyny okap görmändim ýetirenñize sagboluñ
Myhman Myhman
9 Mart 2024
👏👏
Paradise
9 Mart 2024
@kyas, Kakamyrat Rejepow
Paradise
9 Mart 2024
Şu gün çagajyklary görüp özümiň çaga wagtym gapy gapy ýaremezana aýlanan döwrüň ýadyma dusdi. Wagtyn geçişini diysene
kyas
9 Mart 2024
Awtory???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.