Paradise
11.07.2023 12:27
Şeýle bir ýürekdeş gürrüň edeli,
Bar zat hakda dogry pikir ýöredip.
Men-a saňa özümmikäm öýdeýin.
Senem özüňi gör, maňa seredip...
Meniň bu hyň berip duran kellämem,
Baş atyplar ýetişmesin sözüňe,
(Baş näme, janyňam bagyş etseň bor,
Saňa şeýle dünýäsini dözene).
Men goşgy ýazsamam «dymma» diýdiler,
«Gedemem» diýdiler, tanaman, bilmän.
Hemme üýşüp, meň göwnümi tapanok,
Men nädip taparkam göwnüni hemmäň?!...
Sen-ä «mydam görsem» diýýän, käte-de,
Senden başgalary görmäsim gelýär.
Gelsene, ýürekdeş gürrüň edeli,
Ah, meniň şeýle bir gürläsim gelýär.
23
60
Paradise
10.07.2023 21:07
KINE
Men indi hiç haçan söýmek islämok,
Ham hyýala aldandy bu göwün ýar.
Seni söýüşim deý söýmäniň üçin,
Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar.
Haýyşym, ýolumy büreme güle,
Elwan çeçeklere agyrýar nebsim.
Söýgi wadalaryn almagyn dile,
Söndi meniň bagta bolan höwesim.
Synan göwün indi seýik tutmaz ýar,
Jaň etme, hemme zat indi meňkilik.
Sensizem bu günler asuda geçýär,
Hiç bir zatda duýulanok kemçilik.
Bilýärmiň käteler ýatlaýan seni,
Gül tahýama nagyş çeken halatym.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Söýülip, söýmedik, eý, bedibagtym.
Garaşanyň çykmadymy ykbaldan,
Salgymy çyn söýgi saýan mähriban.
Ynamyny tala daňan ynsanyň,
Gursagynda seni çoýjak mähri bar.
Ötegçi duýgular gozganok kalby,
Ham-hyýala aldananok göwün ýar.
Söýgüde bijämiň çykmany üçin,
Ýüregimde ýer tutypdyr düwün ýar.
26
88
Paradise
10.07.2023 13:34
Pyşyrdanyñ şygyr,sözläniñ aýdym,
Zemin heýjan tapar tutulsa adyñ.
Dünýämde şemim sen,köñülde şadym,
Meni bir sen bagtly edäýjek ýaly.
Neneñ gowy gül ýürege ýaz bolsa,
Dillere saz,kirpiklere näz bolsa,
Doñup durun ynan sähel gozgansañ,
Sen gözümden uçup gidäýjek ýaly.
Soñsuz synaglara sezewar boldym,
Öñde-soñda bir hoş söze zar göwnüm,
Diñe senli günler bezeýär ömrüm,
Alnymdan ak dañlar ataýjak ýaly,
Yşgyñ wysal güni bitäýjek ýaly...
Meniñ söýgim saña ýetäýjek ýaly..
20
35
Paradise
09.07.2023 15:56
Beýnimiñ töründe saklanyp galan
Ýatlamalar arhiwini gorjadym,
Lukgelenip, ýüpe bogulan ýaly,
" Söýgi arhiw" bukjasyny dörjedim,
Şol ýiten dunýämiñ gaty açylman,
Giden eken tozanlanyp, çañlanyp,
Ýüzüni emaý bilen süpürdim,
Göz öñümden geçip gitdi janlanyp.
Bilmedim ilkinji söýgimi ýa ýok,
Ýöne meniñ hyýalymda döräpdi,
Yşk - diýip, keşbe:mi, ýöne bir ugra,
Bilmedim,
ýürekde o:t köredipdi.
Seni gordüm, gijelerne düýşimde,
Gündizlerne señ daşyñdan synlardym.
Daşyñdan guwanyp söýmegem başga,
Şol yşga ýugrulyp, özüm güýmärdim.
Sen bolsa söýýärdiñ özge ýigidi,
Ýöne seniñ üçin, ol özge däldi...
Hat-da, menem seni, ondan gysganyp,
Üýtgedipdim ýamana,
ýagşy pälimi.
Goýardym, öñünde päsgelçilikler,
Gizlin, pynhan duşuşygyñ bozmaga,
Gödekligim edip, bäsdeş ýigdimi,
Urdurypdym.
Senden göwnün üzmäge...
Şonda-da öñüne bolsamda böwet,
Söýgisi, meñkiden gelipdi üstün,
Söýgimi, duýdurmak beýlede dursun,
Gözümi ýaşardyp, aglapdym sessiz.
Seniñ toýuñ boldy,
Men ogryn garap,
Söýmegñi isläpdim iñ soñky pursat,
Beýnim bagtly bolmagyñy islese,
Meñki bolmagyñy isledi gursak...
Bu gün bolsa,
Şol, arhiwiñ içinden
Göz öñümde suratlaryñ janlandy.
Ýüregimi söýgim bilen emdirip
Emaý bilen süpirşdirdim çañlarny...
Remezan Mämetgurbanow.
20
59
Paradise
09.07.2023 13:22
Şeyle bir tiz geçsin sensiz günlerim,
Ýalñyzlyk gelmesin meniñ yanyma.
Birden dil tapyşsam yalñyzlyk bilen,
Ýatlamalar ýetsin meniñ dadyma.
Saña kän zatlary aýdasym gelýär,
Küýseýan gözlerim didelerini.
Seni gözläp ýörün zemin-asmandan,
Duýýarmyñ yşk bilen ideleniñi?
Bu gün gözlerim karar tapanok,
Onuñ arzuwy saña ýetmekdir.
Gije uzalsada Dañ atar sebäp,
Sensizlikden bir gün saña yetirer.
Dünýäñden ömürlik orun ber maña,
Hem ber mana şol dünýäniñ açaryn,
Men ol ýerde öz daşymdan gulplajak,
Mekan tutjak otaglañ ajabyn,
Açaram yitirjek bilgeşleýinden,
Goý ony özümem tapmaýyn on soñ,
Şol otag jennetdir zyýatdyr maña,
Her-haçan eýesinde bolsañ sen.
20
48
Paradise
08.07.2023 23:13
Edebiyatşynasyñ gündeliginden......
Adama maddy baýlyk zerurmy ýa-da ruhy baýlyk? Durmuş maña şu soragyñ jogabyny õz ykbalymda synama pursatyny dõretdi. Pulum az ýaşap gõrdüm: dostum azdy, duşmanym bardyr ýa-da bolar õýdüp pikir edemokdym. Emma ruhy dünýämde baýdym bagtlydym, syrdaşlydym, aýagymy uzyn salyp õýümde arkayyn ýatardym, ýekeje bir armanym bardy: edeýin diyen maddy kõmegimi etmekden ejizdim, ahmyrym diñe şoñady.
Maddy baylygym artyp ugrady, dostlaram köpeldi, derdi-aladamam kõpeldi, iñ geñ ýeri duşmanymam köpeldi. (Elbetde, duşmanam gerek ekeni durmuşda, goranmagy õwrenmegiñ üçin). Netijede ikisiniñde gerek zatdygyna, emma ruhy baýlygyñ maddy baýlykdan zyýatlygyna düşündim. Ruhy baýlygymdan el üzmäge mejbur bolup barýanymy duýdum... Ýaradana arz etdim: "Allahym maddy baylyk berseñ ber, emma ruhymy garyp goýma! Ruhy baylyk berseñ maddy baýlygymy kem etme! Her kişiñ mõhmüni bitirip biljek derejede haýyrly ynsan bolmakdan mahrum bolmaýyn!"
Kalba NUR
30
106
Paradise
08.07.2023 12:12
SAŇA
Sazlaryň şirini, sözleň şekeri.
Daglarbaşy,
ak suwlaryň akary.
Seň barlygyň başlangyjy ekeni,
Dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň.
Daşy umman bilen gurşalan ada.
Dünýä deýin täsin,
dünýä deý sada.
Sen — şanyna ýazlan iň beýik oda
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň.
Ajaýyplyk görsem, mysaly senden.
Manysy, maýasy, hasaby senden.
Men nädip diýmäýin, baryna degseň,
Dünýädäki iň ajaýyp zatlaryň.
Sapagy sen, iň owadan nagyşlaň.
Şapagy sen, öýle ýagan ýagyşlaň.
Sen bolaňsoň bary bilen tanyş men,
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň.
Asmanyň arassa wagtyna meňzeş,
Gupbaň ýüzündäki altyna meňzeş.
Nädip, birje özüň barsyna meňzeş,
Dünýädaki iň ajaýyp zatlaryň?!
17
168
Paradise
07.07.2023 19:32
Baram bolsa, ýogam bolsa geçdim men,
Günäñi dostum!
Sen meniñ serimiñ dumany, dostum!
Bir dem bagtly boldum seniñ yşgyñdan,
Indem dilemerin amany, dostum!
Seni gabanmaryn gyzdan, gelinden,
Goý, gözeller lezzet bersin janyña.
Goý, seni söýsünler, ynanaýyn men,
Seni söýip, sende ýalñyşmanyma.
Daş ýaly doñduran ýüregimi meniñ,
Islän ýeriñe zyñ,
"Wah" diýmen her hal.
Meñ ýüregim saňa gerek bolmasa,
Düşünä, ol ýürek nämäme derkar.
Baram bolsa, ýogam bolsa geçdim men,
Günäñi dostum!
Sen meniň dilimiň senasy dostum!
Säher çyglarynda saýgarmarsyň sen,
Ýaşa dönüp daman, sedany dostum!
Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşmada bela-betere.
Eger bagtyň ýatsa, bir zaman daşa
Öwrüp zyňan ýüregime büdüre....
21
62
Paradise
07.07.2023 09:10
Gözdäki yşgyňy görmesin özge,
Özgeler seretse, ýum gözleriňi!
Ýakyp barýan mähir bardyr bu sözde,
Sözlerim eretse, ýum gözleriňi!
Göz ýummagyň göz ýummakdan parhy kän,
Aşyk göwnüň aşyk göwne arzy kän.
Hyýallarmyň düýşleriňe karzy kän,
Birini kem etse, ýum gözleriňi!
Alajyny gözläp, amatyn tapyp,
Salgysyn, sebäbin, sagadyn tapyp,
Ruhum käte-käte ganatyn kakyp,
Seriňde ses etse, ýum gözleriňi!
Sensiz günler gelmez ýaly çemime,
Bir bak, tapan hasabymyň jemine.
Ömrümi ömrüňe, demim demiňe,
Artyk däl, deň etse...
ýum gözleriňi!
27
60