Salam agzalar!
Psihologiýa bilen gyzyklanmagym şeýleräk bir testiň üstünden barmagyma sebäp boldy. Belki bilýänleriňizem bardyr. Siz bilen paýlaşmak isledim.
Netijeleri öňünden okasanyz testiň ähli gyzygy gaçar. Soraglara jogap berýän wagtyňyz jogaplaryňyzy bir kagyza bellik ediň.
1) Aşakdaky haýwan atlaryny özüňize görä yzygiderlikde goýuň!
1)Sygyr
2)Gaplaň
3)Goýun
4)At
5)Doňuz
Aşakdaky sözleri okanyňyzda ilkinji aklyňyza gelen içki dünýaňizi yada hasiýetinizi sözüň deňine ýazyň!
1)It
2)Pişik
3)Syçan
4)Kofe
5)Deňiz
Aşakdaky reňkleri okanyňyzda ilkinji ýadyňyza düşen, siz üçin möhüm adamlaryň adyny ýazyň!
1)sary
2)mämişi (goýy sary reňk)
3)Gyzyl
4)Ak
5)Ýaşyl
Netijeler
1) Haýwanlary goýan yzygiderliligiňiz durmuşyňyzda nämeleriň ilkinji gelýänini aňladýar.
Sygyr — Karýera
Gaplaň — Buýsanç
Goyun — Söýgi
At — Maşgala
Doňuz — Pul
2) Her sözüň deňine ýazanyňyz häsiýetiňiz we içki dünýäňiz.
It — Öz häsiýetiňiz
Pişik — çagaňyzyň ýa-da ýoldaşyňyzyň häsiýeti.
Syçan — duşmanyňyzy suratlandyryşyňyz.
Kofe — söýgä garaýşyňyz
Deňiz — durmuşyňyz hakda.
3) Sary — henizem ýadyňdan çykmadyk biri.
Mämişi — Ýakyn we ynamly dost.
Gyzyl — Hakykatdan aşyk bolan ýa-da has gowy görýän ynsanyňyz.
Ak — Ruhy ekiziňiz
Ýaşyl — Hemişe ýanyňyzda boljak we sizi goldajak ynsan.