Paradise
09.07.2023 15:56
Beýnimiñ töründe saklanyp galan
Ýatlamalar arhiwini gorjadym,
Lukgelenip, ýüpe bogulan ýaly,
" Söýgi arhiw" bukjasyny dörjedim,

Şol ýiten dunýämiñ gaty açylman,
Giden eken tozanlanyp, çañlanyp,
Ýüzüni emaý bilen süpürdim,
Göz öñümden geçip gitdi janlanyp.

Bilmedim ilkinji söýgimi ýa ýok,
Ýöne meniñ hyýalymda döräpdi,
Yşk - diýip, keşbe:mi, ýöne bir ugra,
Bilmedim,
ýürekde o:t köredipdi.

Seni gordüm, gijelerne düýşimde,
Gündizlerne señ daşyñdan synlardym.
Daşyñdan guwanyp söýmegem başga,
Şol yşga ýugrulyp, özüm güýmärdim.

Sen bolsa söýýärdiñ özge ýigidi,
Ýöne seniñ üçin, ol özge däldi...
Hat-da, menem seni, ondan gysganyp,
Üýtgedipdim ýamana,
ýagşy pälimi.

Goýardym, öñünde päsgelçilikler,
Gizlin, pynhan duşuşygyñ bozmaga,
Gödekligim edip, bäsdeş ýigdimi,
Urdurypdym.
Senden göwnün üzmäge...
Şonda-da öñüne bolsamda böwet,
Söýgisi, meñkiden gelipdi üstün,
Söýgimi, duýdurmak beýlede dursun,
Gözümi ýaşardyp, aglapdym sessiz.

Seniñ toýuñ boldy,
Men ogryn garap,
Söýmegñi isläpdim iñ soñky pursat,
Beýnim bagtly bolmagyñy islese,
Meñki bolmagyñy isledi gursak...

Bu gün bolsa,
Şol, arhiwiñ içinden
Göz öñümde suratlaryñ janlandy.
Ýüregimi söýgim bilen emdirip
Emaý bilen süpirşdirdim çañlarny...

Remezan Mämetgurbanow.
20
59
aynurka
9 Iýul 2023
👍👍gowy gosgy hic kimede oz soyen yarynyn ozgesi bn toyyny gormek nesip etmesin(bagyslan postun dasyndan bir sorag bermekci mn taze girdim kan dusunemok profile surat nadip goymaly kyn gormeseniz aydayyn)
Akgyz💗
9 Iýul 2023
👍👍👍👍....❤🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.