Paradise
10.07.2023 21:07
KINE

Men indi hiç haçan söýmek islämok,
Ham hyýala aldandy bu göwün ýar.
Seni söýüşim deý söýmäniň üçin,
Ýüregime ornaşypdyr düwün ýar.

Haýyşym, ýolumy büreme güle,
Elwan çeçeklere agyrýar nebsim.
Söýgi wadalaryn almagyn dile,
Söndi meniň bagta bolan höwesim.

Synan göwün indi seýik tutmaz ýar,
Jaň etme, hemme zat indi meňkilik.
Sensizem bu günler asuda geçýär,
Hiç bir zatda duýulanok kemçilik.

Bilýärmiň käteler ýatlaýan seni,
Gül tahýama nagyş çeken halatym.
Asyl bagtyň çyn keşbini tanaman,
Söýülip, söýmedik, eý, bedibagtym.

Garaşanyň çykmadymy ykbaldan,
Salgymy çyn söýgi saýan mähriban.
Ynamyny tala daňan ynsanyň,
Gursagynda seni çoýjak mähri bar.

Ötegçi duýgular gozganok kalby,
Ham-hyýala aldananok göwün ýar.
Söýgüde bijämiň çykmany üçin,
Ýüregimde ýer tutypdyr düwün ýar.
26
88
ylham_gurbanaly
18 Iýul 2023
Sensizem bu günler asuda geçýär...
mandarin
11 Iýul 2023
😊👍
0111
10 Iýul 2023
Şu güne çenli okan goşgularymyň arasynda Özüme iň ýakyn duýanym!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.