Paradise
15.07.2023 22:08
SYNANŞYK
«Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,
Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.
Käbirinden puç dolandy umydym,
Käbiri ýanymda ýekesiretdi.
Sözleri ýüzüme çaýsa-da gülki,
Özleri dünýämden daşardadylar.
Olar bagtym bolup bilerdi, belki,
Emma söýgim bolup başarmadylar.
Meger, men sebäpli ökünip näler,
Kimleň geçmişine dolanşy gamdyr.
Ýöne, öt ýazygmy, öňki günälem,
Meniň seni gözlän synanşygymdyr.
Mätgurban MÄTGURBANOW.
18
86
Paradise
14.07.2023 19:46
Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.
Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal,
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.
Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.
Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly,
Başga kişi bolýar,
baraňda deňne.
Ol kim,
döräýmeli goşgulam ýaly,
Meni dert-azara salarça beýle?!
Ýatdan çyksa, ýatdan çykmaly zatlar,
Soň yzyna geljek bolup durmasa.
Men ýene tisginýän nätanyş atdan,
Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese...
26
280
Paradise
13.07.2023 21:51
Aglaman git,
nämä gerek aglamak?
Süpür gözýaşyňy gözüňden, serwim!
Sessiz aglaýanym bildirmän durun,
Senem bir azajyk dözümlen, serwim!
Undup bormy ümsümligin tokaýyň?!
Ýagtylygyn ýa tümlügin tokaýyn?!
Undup bormy mawy kölleriň boýun,
Arasyn ýabany üzümleň, serwim?!
Aldyryp ýüregim, aldyryp aklym,
Men seni baky däl, amanat tapdym.
Söýgi däl, bagt däl, kanagat tapdym.
Seň mähir çaýylan ýüzüňden, serwim!
Ýagyş diňdi, çar töwerek ezildi,
Kirpiklerňe ak damjalar düzüldi,
Gujakladym, zer monjugyň üzüldi,
Men seň ykbalyňdan üzülmen, serwim!
Köňül berip, garyp göwnün awlanym,
Täleýimi täleýine baglanym.
Aglaman git,
aňlaman git aglanym,
Gözümden,
ýüzümden,
sözümden, serwim!
23
77
Paradise
13.07.2023 14:05
" Söýgi näme? " ýeke däl muñ jogaby,
Käte, seni ýatlap ýylgyrşym söýgi.
Seniñ ykbalyña ömrümi baglap
Ýaradana ýalbarşym söýgi.
Il deñinde, menem düşdüm bu derde,
Şondan bäri ýalñyz ýaşaýan serde.
Göwnüm galan wagty, suwsuz bir ýerde,
Galan, bägüller deý süllerşim söygi.
Ýürekdäki ornuñ ýitirip bilmen,
Aýralygyñ adyn agzamaz dillem
Gabanmaly zatdan gabanyp bilmän,
Gabanmasyz zatdan gabanşym söýgi.
" Ykbal meni ýakdy " diýip oýlardym,
Nesibäm bar eken bagtly ýollarda
Kalbym heserledip, öwüsyän yellerden,
Seniñ adyñ eşidip ýaşaýşym söýgi...
33
97
Paradise
13.07.2023 08:57
TÄSIN DÜÝŞDEN SOŇ
Şu gün oýanamdan täsin oýandym,
Ýylgyryp oýandym,
garaz, bir zada.
Bolşumdan düýrügip, ilk-ä uýaldym,
Ile çykmaga-da gorkdum birbada.
Hiç zat ýok ýerden, göz öňňe gelýä,
Meniň gözlerimden, meniň sesimden.
Syçrap-syçrap gidýär üýtgeşik gülki,
Üýtgeşik, üýşmejik-üýşmejik gülki.
Onuň syçran ýeri ýylpyldapjykgyn,
Lowurdap, bir geňsi öwşün atýar-ow.
Dogrusy, o hakda aýtmak açjyk kyn,
Ýallyrdap, ýyllyrdap owsun atýar ol.
Ine-de birdenem atygsap ýürek,
«Illeri haýran et, ýola çyk» diýýä.
Ýollar ülpülleýär, atyr, sap ýüpek,
Gatnaw aňk, diýmek dost, ýol açyk eýýäm.
Geçip gidýän welin, geçen ýerimde,
Topbajyk-topbajyk ýylpyldy galýar.
Ýanýodaň otlarna tüwdürlen bolýan,
Suwam şol ýylpylda ymtyldy, aňýan.
Aňýan-da nazarmy aýlap goýberýän,
Suw, zerli gülkimden al, içip gal sen!
Hany,
agaçda sallanyp aýdym aýtmaga,
Bir üýşmejik gülki aslyşyp galsyn!
...Şuň ýaly, aý, garaz, şeýleräk geçýär:
Düýşümde pyşyrdap oýaran günüň.
22
71
Paradise
13.07.2023 01:11
Eý yşk perişdesi jogap ber maña,
Ne üçin ýene peýkam urdyñ yüregime?
Bes dälmidir öñler yşka köýenim
Başka birin getirdiñle deregne.
Eý yşk serişdesi, aýdaýda " kim ol? "
Ne üçün, ony maña duşurdy pelek?
Gül bagtymy guradarmy saraldyp
Ýa, daşymda bolarmyka jan serek?
Eý yşk perişdesi, aýdaýda maña,
Ol meñ ýürekdäki altyn tagtymmy?
Ol meni söýermi ömrüm ötinçä
Ol bagtymmy ya-da gara bagtymmy?
Aýdaýda, ugrunda solmazym ýaly,
Ýa, men oña garaýanmy kem baha?
Ol düşünýärmika söýgiñ nädigine
Ýa, söýüp ýetdimikä şu çaka?
Aýdaý, ömür ahmyr etmezim ýaly,
Ýa-da tersine
Çyn söýgiden dönüp gitmezim ýaly...
24
30
Paradise
12.07.2023 15:38
Señ bilen
Yşgym wysal tapdy seniñ gözleñde,
Söýgimiziñ düýbün tutsak señ bilen.
Aýralyk diýilýän ajy duýgynyñ
Gözlerinden, baky ýitsek señ bilen.
Golum degse, saçyñ näzik tarlaryna,
Şükür edýäñ, bu dünýäde barlygyma.
Ýürekleriñ bir-birine zarlygyna,
Duýup söýgä, söýgi gatsak señ bilen.
Tapanyma şükür, şükür tapylanyma,
Bu dünýäniñ päk yşkyna sapylanyma.
Hasratlaryñ sahypasy ýapylanyna,
Arzuwlanan bagta ýetsek señ bilen.
Diñe diñe señ bilen...
21
89
Paradise
11.07.2023 17:19
Görüpsiň sen,
Heniz görülmedik bir üýtgeşik gyz.
Indi bolsa maňa gürrüň berýärsiň:
«Birden gaýyp boldy, galdym men ýalňyz».
Örtenýädiň hasam, ýetirsem häsin,
Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin.
«Gözlärin gijeler, gözlärin gündiz,
Asyl göz öňümden gidenok gözi.
Ynan, beýle gözi görmändim şindiz,
Asyl özgelerden üýtgeşik özi».
Men seni ýylgyryp, diňläp otyryn,
Kä başymy atyp, kä başym ýaýkap.
Diýýäň: «Zaryn çekip, ömrüm ötirin,
Topragy bagyrtlap, bagrymy oýkap».
Maňa seň sözlerňi diňlemek täsin,
Maňa seň sözlerňi diňlemek nä kyn.
Sen bolsa o hakda edeňok pikir,
Gaýyp bolan gyzy undup bileňok.
Içimden näçeler etsem-de şükür,
Seň bolşuňa diňe ölüp bilemok.
Men diňläp otyryn ýylgyryp şindem,
Birden meniň ýylgyrşymdan eýmendiň.
Şonda gaşym çytdym gaharly hem tiz,
Ýoksa, şol görünip, gaýyp bolan gyz
MENDIM!
Laçyn Pürjäýewa
23
74