Gündelikdaki setirlerden...
Umyt. Ol her pursat Güneşe meňzär. Ýolumyzy ýagtyldar.
Äden her ädimiňde yzyňa öwrülip seretseňem, ýagtylygy görersiň,ýylgyrarsyň. Emma onuň Günden ýekeje tapawudy bar, ol hiçem ýaşmaýar.
Şeýle bir adamlar bar. Olar göwnüňe ganat dakmagam başarýarlar.
Käte öň hiç gabatlaşmadyk, hatda tanamaýan adamlarym bilen gürleşip göresim gelýär. Maňa näme gürrüň bererkäler?
Basan ädimlerimiziň netijesinde nokat goýjak eserimiz ýazylýar.
Ýüregiň göterip bilmedik ýüklerinem kagyz göterýär.
Ýagtylyga ýöremek bilen ýaşaýşy tapyp bolýar.
Pikirler dürli, emma olaryň syrlysy hem bar.
Göwnümize degenler söýýänlerimizden has köp ýer alýan ýaly kalbymyzda.
Bu, dogrudanam, şeýlemikä?
Adam unudanlaryny diňe ýalňyz galanynda ýatlaýarmyka?
Hakydamyz käte ýatlasymyz gelmeýän zatlarymyzy ýadymyza salmaga şeýle bir ukyply.
Gözümi ýumýan, niredigini özümem bilmeýän ýerime syýahat edýärin.
Gije kime ýagtylyk, kime bolsa garaňkylyk getirer.