TÄSIN DÜÝŞDEN SOŇ
Şu gün oýanamdan täsin oýandym,
Ýylgyryp oýandym,
garaz, bir zada.
Bolşumdan düýrügip, ilk-ä uýaldym,
Ile çykmaga-da gorkdum birbada.
Hiç zat ýok ýerden, göz öňňe gelýä,
Meniň gözlerimden, meniň sesimden.
Syçrap-syçrap gidýär üýtgeşik gülki,
Üýtgeşik, üýşmejik-üýşmejik gülki.
Onuň syçran ýeri ýylpyldapjykgyn,
Lowurdap, bir geňsi öwşün atýar-ow.
Dogrusy, o hakda aýtmak açjyk kyn,
Ýallyrdap, ýyllyrdap owsun atýar ol.
Ine-de birdenem atygsap ýürek,
«Illeri haýran et, ýola çyk» diýýä.
Ýollar ülpülleýär, atyr, sap ýüpek,
Gatnaw aňk, diýmek dost, ýol açyk eýýäm.
Geçip gidýän welin, geçen ýerimde,
Topbajyk-topbajyk ýylpyldy galýar.
Ýanýodaň otlarna tüwdürlen bolýan,
Suwam şol ýylpylda ymtyldy, aňýan.
Aňýan-da nazarmy aýlap goýberýän,
Suw, zerli gülkimden al, içip gal sen!
Hany,
agaçda sallanyp aýdym aýtmaga,
Bir üýşmejik gülki aslyşyp galsyn!
...Şuň ýaly, aý, garaz, şeýleräk geçýär:
Düýşümde pyşyrdap oýaran günüň.