Paradise
13.07.2023 14:05
" Söýgi näme? " ýeke däl muñ jogaby,
Käte, seni ýatlap ýylgyrşym söýgi.
Seniñ ykbalyña ömrümi baglap
Ýaradana ýalbarşym söýgi.

Il deñinde, menem düşdüm bu derde,
Şondan bäri ýalñyz ýaşaýan serde.
Göwnüm galan wagty, suwsuz bir ýerde,
Galan, bägüller deý süllerşim söygi.

Ýürekdäki ornuñ ýitirip bilmen,
Aýralygyñ adyn agzamaz dillem
Gabanmaly zatdan gabanyp bilmän,
Gabanmasyz zatdan gabanşym söýgi.

" Ykbal meni ýakdy " diýip oýlardym,
Nesibäm bar eken bagtly ýollarda
Kalbym heserledip, öwüsyän yellerden,
Seniñ adyñ eşidip ýaşaýşym söýgi...
33
97
selbisha
15 Iýul 2023
❤️❤️
lala
14 Iýul 2023
Ayralygyn adyn agzamaz dillem❤️❤️❤️❤️👍
bamy
14 Iýul 2023
Tüweleme
2580
13 Iýul 2023
👏👏👏👍👍👍
wolf
13 Iýul 2023
Kabir adamlara ene mähri, soygisi gerek basga soygu gerekdal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.