Ogulnabat
28.07.2021 17:05
"Söýgi we wagt"
(iňlis tymsaly)

Günlerde bir gün şatlyk,gussa,bilim,söýgüdir beýleki duýgularyň ýaşaýan adasyny suw basyp başlapdyr.Hemmeler adany taşlap gidipdirler.Diňe söýgi soňky pursata çenli öz mekanyny terk etmändir.Halys bolmajagyna gözi ýetenden soňam giç bolupdyr.Ol kömek tamasy bilen töweregine garanjaklanda,hol aňyrda,gaýykly geçip barýan baýlyga gözi düşüp,ondan kömek soraýar.
_Altyn-kümüşden doly gaýygymda seni nädip ýerleşdireýin_diýip,baýlyk geçip gidýär.
Birdenem söýgüniň gözi owadan gaýykda geçip barýan ulumsylyga gözi düşýär.Söýgi ondanam kömek soraýar.
_Men saňa kömek edip biljekdäl söýgi.Üst-başyňa bir seret,öl-myžžyga sen.Gaýygym bolsa meniň egin-eşiklerimden doly,sen olaram myžžyk edersin diyip,ulumsylyk göwnüýetmezçilik bilen jogap beripdir.
Soňra söýgi golaýyna gelen gussadan kömek sorapdyr.
_Gussa,maňa özüň bilen gitmäge rugsat bermezmiň?
_Wah,söýgi,men şeýle bir gamgyn,ýeke galasym gelýär diýip,gussa göz ýaş döküpdir.
Birhaýukdan ala-şowhun bolup geçip barýan şatlyga gözi duşen söýgi begenjinden bökjekläp,ony çagyrýar.Ýöne öz şagalaňyna gümra şatlyk onuň sesini hem eşitmändir.Şol wagtam bir ýerlerden"Söygi,gel,alyp gideýin!"diýen ses eşidilýär.Söýgi ol gygyrýan ýaşulynyň kimdigini-de soraman,gaýygyna münüpdir.Esli ýol geçensoňlar,ýaşuly söýgüni bir adada düşürip,öz ýoly bilen gidipdir.Söýgi gapdalyna gelen bilimden özüne kömek edeniň kimdigini sorapdyr.
_Ol_wagt_diýip jogap beripdir.
Bu jogaba söýgi haýran galypdyr.
_Maňa ala-böle wagtyň kömek etmegi näme sebäpdenkä?
Bilim ýylgyrypdyr-da:
_"Adatça,söýgüniň gymmatyna düşünmek diňe wagta başardýar-da."diýipdir
11
192
Ogulnabat
27.07.2021 15:24
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň "Ermeni gyzy" goşgusynyň döreýiş taryhy barada näme bilýärsiňiz?
6
353
Ogulnabat
26.07.2021 11:17
Salam hemmä!
Turkmenistan taryhdan size 2 sany sorag:
Aleksadr Makedonskiniň(Iskender Zulkarneýiniň) atynyň ady näme?
We şol atyň ady dakylan şäher bar,şol şäher haýsy ýurtda ýerleşýär?
6
533
Ogulnabat
25.07.2021 15:11
Hemmäňize salam!

Size Turkmenistanyň taryhyndan sorag:

"Çölüň ak saçly perişdesi" kim?
5
281
Ogulnabat
Ogulnabat
24.07.2021 12:56
Awtor:Kerim Hally 💌💞💝
Ogulnabat
23.07.2021 22:28
(Gülküli kyssa)
"Eger meni söýýän bolsaň..."

Ýüregi ýürege,bagry bagra baglap,alty-ýedi ýyl söýüşip,şol gyza öýlenmesem,armanda galjagyma ejemi-kakamy ynandyryp,öýlenenime ýaňy iki aý boluberende,futbol boýunça dünýä çempionaty başlandy.Menem,ölemen janköýer bolamsoň,bir oýny hem sypdyrman görjek bolup,her gün işden geldigim telewizoryň öňüne çökýän-de,gijäniň ýaryna çenli galman oturýan.Şeydip çempionatyň başlananyna 3gün diýilende gelnim golaýjagyma gelip oturdy-da:
_Her gije telewizoryň öňünde şeýdip oturmak seni irizenokmy?
_diýdi.Men oňa jogap berip ýetişmedim,şol wagt janköýerlik edip oturan toparynyň hüjümçisiniň depen pökgüsi garşydaşyň derwezesine girip gitdi.Ýassanyp ýatan ýerimden sesimiň ýetdiginden gygyryp,zöwwe galdym-da,ellerimi kelemenledip diriň-diriň böküp başladym.Bir salym böküp,göwün solpusyndan çykamsoň,gelnime seretsem,ol otagyň bir burçunda ýüzüni ak tam edip,galpyldap dur.Men hiç zat bolmadyk ýaly,ýerime geçip oturamsoň,gözlerimi telewizordan aýyrman:
_Bir zat soradyňmy?_diydim.Ol saňňyl-saňňyl edip ýanyma geldi-de:
_Zährämä ýardyň_diýdi.
_Bar aýtjagyňam şomy?
_Ýok,uzak gije şol ýeke topuň ugrunda gan-der bolşup ýörenlere seredip oturmak irizenokmy diýdim.
Şol wagt ýene-de pökgi geçäýmeli boldu-da,ünsüm sowuldy.Men ýene gykylyga tutdurdym.
_Ur,ur-da!Pursady sypdyrma!Aý-ý,seni oýna salyp ýören kim-aý,aýagy duşaklanan ýaly_diýip,oýunça käýinip bolamsoň,"Näme diýdiň?"diýen manyda gelnime göz aýlap göýberdim.Ol uzak gürlese,ýene ýetişmezligine göz ýetirendir-dä,gysga gürledi.
_Şeýdip oturmak irizenokmy?
Men onuň özüne sorag berdim:
_Munuň nämesi saňa ýaranok?
_Men muňa düşünemok,başga zat görenimiz gowy dälmi?
Men ony uzak gürletmän,howuny basmak isledim:
_Sen meni gowy görýäňmi?
_Dagy näme,gowy görmedik bolsam,durmuş gurarmydym?!
_Şonyň çyn bolsa,meniň gowy görýän zadymy senem gowy görmeli bolarsyň_diýdim welin,gelnim gözlerini tegeläp,bir salym oturdy-da,turup gitdi.Men içimden:"Şun-a oňaraýdym öýdýän"diýip,begendim.Şondan soň futbola tomaşa edenimde,çaý-çörek getiräýmese,asla ýanyma gelmedi.Menem islesem galmagalladym,islesem yer ýumrukladym,garaz,heziller edip futbola tomaşa etdim.
Gelnimiň bagtynamy,ýa-da meniň bagtymamy,futbol çempionatynyň tamamlanan ertesi güni boks boýunça çempionat başlady.Men eline ellik geýip,ýumruk galgadýanyň barsyna belet bolamsoň,ýekeje tutluşygy sypdyrman tomaşa etdim.Özem tomaşa edenimde olara nähili goranmaly,nädip urmalydygny öwredip olara akyl barynam berdim.Şeýdip,iň gowy görýän boksçymy çempion eden günüm"Formula-1" ýaryşy başlandy.Gepiň gysgasy telewizoryň öňüne geçenime iki aý çemesi bolanda,meniň höwes edip tomaşa edýän ýaryşlarym tamamlandy.Gaty gynandym.Gyzyklanyp görýän ýaryşlarym gutaransoň,birhili,hossarsyz galan ýaly bolaýdym.
Bir günem işden gelsem gelnim telewizoryň öňünde jaýlaşykly otyr.Öňünde-de çäýnek-käsesi.Telewizora gözüm kaklyşandan,köp bölümli filmiň täzesiniň başlanlygyna göz ýetirdim."Muny bu filmden el çekdirip bolmazmyka?"diýen pikir bilen:
_Şunuň ýaly kinolary nädip görüp bilýäňaý diyip soradym.
_Näme görmän,gyzykl-a.
_Nämesi gyzykly oň?
Gelnim bir zat ýadyna düşen ýaly maňa gülüp seretdi-de,
_Sen meni gowy görýänmi?diýdi.Men onuň sowalyna allanicigsi boldum.
_Soragyn dagy nähili basga nicigsi düşündireyin,gursagymdan ýüregimi çykaryp,eliňe tutduraýmasam.
_Ýok,ýüregiň ýerinde dursun.Ýöne şeýle gowy görýän gelniň eýgörýän zadyny ýigrenip bilermiň?
Meniň iki aý ozal onuň özüne beren sowalyma jogap tapyp bilmän ýuwdundym,oturyberdim.Gelnimiň öz edişi ýaly,sowaly menem jogapsyz galdyrdym.Ýöne ertesi güni işden elim täze telewizorly geldim-de,ony beýleki otagda ýerleşdirdim.Şondan bäri bir wagtda sport ýaryşy bilen köp bölümli film gorkezilse,men-ä bir otagda,ol bolsa beyleki otagda telewizora tomaşa edyaris.

Awtor:Nurberi Dädebaý
12
900
Ogulnabat
Ogulnabat
22.07.2021 17:12
Dur,düşün!💬 Acaba bugün ne ýapsan daha çok mutlu olursun?🗽
Ogulnabat
Ogulnabat
21.07.2021 22:23
Awtor:Kerim Hally 📖📚📃📒📑👌.
Ogulnabat
20.07.2021 15:17

Ýüze haýsy ýakyn?😅😂😂

a)99

b)burun

Sizden geljek jogaplara garaşýan.. 😂😂😂😅😅😅👌👋
3
241
Ogulnabat
Ogulnabat
19.07.2021 10:05
Maňzyma batan pikirler: _Soramaklyk bir minutlyk utanç,soramazlyk ömürlik utanç.(Ýapon nakyly) _Ýeke çekirtgede howp bolmasa-da,olar üýşüp gelende welin,uly betbagtlyga owrulýärler.Samsyk adamlar hem