Maňzyma batan pikirler:
_Soramaklyk bir minutlyk utanç,soramazlyk ömürlik utanç.(Ýapon nakyly)
_Ýeke çekirtgede howp bolmasa-da,olar üýşüp gelende welin,uly betbagtlyga owrulýärler.Samsyk adamlar hem edil şonuň yalydyr.(K.Çapek)
_Seniň ýagşylyk etmegiňi islemeýärin-de,ýamanlyk etmezligiňi isleýärin.(A.Nagat)
_Hakyky erkek adam diňe iki söweşe_ene topragyna hem-de maşgala namysyny goramak söweşine gatnaşar.Başga söweşleriň hemmesi horazlara degişli.(R.Gamzatow)
_Ulumsylyk sözi uly,ýagny agramly adama däl-de,özi agramsyza mahsus bolýar.
_Ol gözeli eşigi bezemän,onuň özi eşigini bezeýär.
_Dükanlarda hyrydarsyz ýatýan kitaplaryň awtory bolmakdan,ýöne okyjy bolmak hem abraýdyr,hem bähbitdir.(Atajan Tagan)