(Gülküli kyssa)
"Eger meni söýýän bolsaň..."
Ýüregi ýürege,bagry bagra baglap,alty-ýedi ýyl söýüşip,şol gyza öýlenmesem,armanda galjagyma ejemi-kakamy ynandyryp,öýlenenime ýaňy iki aý boluberende,futbol boýunça dünýä çempionaty başlandy.Menem,ölemen janköýer bolamsoň,bir oýny hem sypdyrman görjek bolup,her gün işden geldigim telewizoryň öňüne çökýän-de,gijäniň ýaryna çenli galman oturýan.Şeydip çempionatyň başlananyna 3gün diýilende gelnim golaýjagyma gelip oturdy-da:
_Her gije telewizoryň öňünde şeýdip oturmak seni irizenokmy?
_diýdi.Men oňa jogap berip ýetişmedim,şol wagt janköýerlik edip oturan toparynyň hüjümçisiniň depen pökgüsi garşydaşyň derwezesine girip gitdi.Ýassanyp ýatan ýerimden sesimiň ýetdiginden gygyryp,zöwwe galdym-da,ellerimi kelemenledip diriň-diriň böküp başladym.Bir salym böküp,göwün solpusyndan çykamsoň,gelnime seretsem,ol otagyň bir burçunda ýüzüni ak tam edip,galpyldap dur.Men hiç zat bolmadyk ýaly,ýerime geçip oturamsoň,gözlerimi telewizordan aýyrman:
_Bir zat soradyňmy?_diydim.Ol saňňyl-saňňyl edip ýanyma geldi-de:
_Zährämä ýardyň_diýdi.
_Bar aýtjagyňam şomy?
_Ýok,uzak gije şol ýeke topuň ugrunda gan-der bolşup ýörenlere seredip oturmak irizenokmy diýdim.
Şol wagt ýene-de pökgi geçäýmeli boldu-da,ünsüm sowuldy.Men ýene gykylyga tutdurdym.
_Ur,ur-da!Pursady sypdyrma!Aý-ý,seni oýna salyp ýören kim-aý,aýagy duşaklanan ýaly_diýip,oýunça käýinip bolamsoň,"Näme diýdiň?"diýen manyda gelnime göz aýlap göýberdim.Ol uzak gürlese,ýene ýetişmezligine göz ýetirendir-dä,gysga gürledi.
_Şeýdip oturmak irizenokmy?
Men onuň özüne sorag berdim:
_Munuň nämesi saňa ýaranok?
_Men muňa düşünemok,başga zat görenimiz gowy dälmi?
Men ony uzak gürletmän,howuny basmak isledim:
_Sen meni gowy görýäňmi?
_Dagy näme,gowy görmedik bolsam,durmuş gurarmydym?!
_Şonyň çyn bolsa,meniň gowy görýän zadymy senem gowy görmeli bolarsyň_diýdim welin,gelnim gözlerini tegeläp,bir salym oturdy-da,turup gitdi.Men içimden:"Şun-a oňaraýdym öýdýän"diýip,begendim.Şondan soň futbola tomaşa edenimde,çaý-çörek getiräýmese,asla ýanyma gelmedi.Menem islesem galmagalladym,islesem yer ýumrukladym,garaz,heziller edip futbola tomaşa etdim.
Gelnimiň bagtynamy,ýa-da meniň bagtymamy,futbol çempionatynyň tamamlanan ertesi güni boks boýunça çempionat başlady.Men eline ellik geýip,ýumruk galgadýanyň barsyna belet bolamsoň,ýekeje tutluşygy sypdyrman tomaşa etdim.Özem tomaşa edenimde olara nähili goranmaly,nädip urmalydygny öwredip olara akyl barynam berdim.Şeýdip,iň gowy görýän boksçymy çempion eden günüm"Formula-1" ýaryşy başlandy.Gepiň gysgasy telewizoryň öňüne geçenime iki aý çemesi bolanda,meniň höwes edip tomaşa edýän ýaryşlarym tamamlandy.Gaty gynandym.Gyzyklanyp görýän ýaryşlarym gutaransoň,birhili,hossarsyz galan ýaly bolaýdym.
Bir günem işden gelsem gelnim telewizoryň öňünde jaýlaşykly otyr.Öňünde-de çäýnek-käsesi.Telewizora gözüm kaklyşandan,köp bölümli filmiň täzesiniň başlanlygyna göz ýetirdim."Muny bu filmden el çekdirip bolmazmyka?"diýen pikir bilen:
_Şunuň ýaly kinolary nädip görüp bilýäňaý diyip soradym.
_Näme görmän,gyzykl-a.
_Nämesi gyzykly oň?
Gelnim bir zat ýadyna düşen ýaly maňa gülüp seretdi-de,
_Sen meni gowy görýänmi?diýdi.Men onuň sowalyna allanicigsi boldum.
_Soragyn dagy nähili basga nicigsi düşündireyin,gursagymdan ýüregimi çykaryp,eliňe tutduraýmasam.
_Ýok,ýüregiň ýerinde dursun.Ýöne şeýle gowy görýän gelniň eýgörýän zadyny ýigrenip bilermiň?
Meniň iki aý ozal onuň özüne beren sowalyma jogap tapyp bilmän ýuwdundym,oturyberdim.Gelnimiň öz edişi ýaly,sowaly menem jogapsyz galdyrdym.Ýöne ertesi güni işden elim täze telewizorly geldim-de,ony beýleki otagda ýerleşdirdim.Şondan bäri bir wagtda sport ýaryşy bilen köp bölümli film gorkezilse,men-ä bir otagda,ol bolsa beyleki otagda telewizora tomaşa edyaris.
Awtor:Nurberi Dädebaý