Ogulnabat
28.07.2021 17:05
"Söýgi we wagt"
(iňlis tymsaly)

Günlerde bir gün şatlyk,gussa,bilim,söýgüdir beýleki duýgularyň ýaşaýan adasyny suw basyp başlapdyr.Hemmeler adany taşlap gidipdirler.Diňe söýgi soňky pursata çenli öz mekanyny terk etmändir.Halys bolmajagyna gözi ýetenden soňam giç bolupdyr.Ol kömek tamasy bilen töweregine garanjaklanda,hol aňyrda,gaýykly geçip barýan baýlyga gözi düşüp,ondan kömek soraýar.
_Altyn-kümüşden doly gaýygymda seni nädip ýerleşdireýin_diýip,baýlyk geçip gidýär.
Birdenem söýgüniň gözi owadan gaýykda geçip barýan ulumsylyga gözi düşýär.Söýgi ondanam kömek soraýar.
_Men saňa kömek edip biljekdäl söýgi.Üst-başyňa bir seret,öl-myžžyga sen.Gaýygym bolsa meniň egin-eşiklerimden doly,sen olaram myžžyk edersin diyip,ulumsylyk göwnüýetmezçilik bilen jogap beripdir.
Soňra söýgi golaýyna gelen gussadan kömek sorapdyr.
_Gussa,maňa özüň bilen gitmäge rugsat bermezmiň?
_Wah,söýgi,men şeýle bir gamgyn,ýeke galasym gelýär diýip,gussa göz ýaş döküpdir.
Birhaýukdan ala-şowhun bolup geçip barýan şatlyga gözi duşen söýgi begenjinden bökjekläp,ony çagyrýar.Ýöne öz şagalaňyna gümra şatlyk onuň sesini hem eşitmändir.Şol wagtam bir ýerlerden"Söygi,gel,alyp gideýin!"diýen ses eşidilýär.Söýgi ol gygyrýan ýaşulynyň kimdigini-de soraman,gaýygyna münüpdir.Esli ýol geçensoňlar,ýaşuly söýgüni bir adada düşürip,öz ýoly bilen gidipdir.Söýgi gapdalyna gelen bilimden özüne kömek edeniň kimdigini sorapdyr.
_Ol_wagt_diýip jogap beripdir.
Bu jogaba söýgi haýran galypdyr.
_Maňa ala-böle wagtyň kömek etmegi näme sebäpdenkä?
Bilim ýylgyrypdyr-da:
_"Adatça,söýgüniň gymmatyna düşünmek diňe wagta başardýar-da."diýipdir
11
191
ideallider
26 Iýun 2022
Bu agzamyz hem çykdy öýdýän👍
Ogulnabat
28 Iýul 2021
Läle🌼,👍
guli_
28 Iýul 2021
♥♥♥♥
Läle🌼
28 Iýul 2021
Soňunda aydylan söz diýseň ajaýyp❤️
Ogulnabat
28 Iýul 2021
IDEALLIDER,Hak aydyan👍
ideallider
28 Iýul 2021
Aslynda köp zat "Wagta" tabyn👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.