Nurmyradovna_a
07.08.2022 19:34

"Emeli we ýasama ýuwaşlykdan, asyllylykdan" gaçarak duruň, sebäbi käbir adam ýuwaş , asylly ýaly görünse-de , onuň kalbynyň ýuwaş, asylly bolmazlygy mümkindir".Resuly Ekrem (s.a.w)
7
177
Nurmyradovna_a
06.08.2022 23:25
Ajal aglaba halatda garry hasyllary ýygnaýandygyna garamazdan, wagtal-wagtal heniz bişmedik miweleri hem ýolýar. Şonuň üçin hiç wagt ölüm uzakdadyr öýdüp özüňi aldama!
7
51
Nurmyradovna_a
05.08.2022 22:07
Ömür diýilýän zat her gezek täze.
Ölüm diýilýän zat elmydam köne.
Eýsem, ömri salyp bolarmy çäge?
Ölüm bu ömrüň jemidir ýöne.

Öleňde aglarlar, aglarlar meger,
Gynanarlar seň bimahal ömrüňe.
Näçe ýaşasaň-da gysgadyr ömrüň,
Ölüm nokat goýup bilse ömrüňe.
                        
                                       (Atamyrat Atabaýew)
9
67
Nurmyradovna_a
04.08.2022 23:03
Kanadadaky "Candy Funhouse" süýji kärhanasy aýda azyndan 3500 süýji önümlerini iýip, ýylda 77 müň dollar gazanjak menejer (dolandyryjy) gözleýär. Demirgazyk Amerikada ýaşaýan we iýmit allergiýasy bolmadyk 5 ýaşdan uly islendik adam iş üçin ýüz tutup biler. Şeýle hem, kärhana işe alynjak adamyň diş bejergisi üçin goldaw berer.
7
106
Nurmyradovna_a
30.07.2022 16:25
Dogruçyllyk gymmat mülk. Hemmelerde duş gelenok.
11
71
Nurmyradovna_a
25.07.2022 15:42
MEN DIŇE MEN.Erbet we ýalňyş kararlar berdim,ýöne bu men. Nädogry zatlary aýtdym, dogry zatlary aýtdym,sebäbi bu men. Eden zatlarymyň hemmesini halamok,ýöne özüm bolanym üçin etdim. Nädogry adamlary söýdüm we nädogry adamlara ynandym we henizem bu men. Täzeden başlamaga mümkinçiligim bolan bolsa, hiç zady üýtgetmezdim. Näme üçin? Sebäbi bu men. Men barada gowy zatlar kän, diňe nämäniň dogrudygyny görmek üçin kemçilikleriň aňyrsyna seretmeli. Eger, ony edip bilmeýän bolsaň onda, ol seniň ýitgiň. Men bolup biljek iň gowusy. Sebäbi bu diňe men. Özüňizi kemçilikleriňiz bilen kabul etmegi başaryň!🙂
12
131
Nurmyradovna_a
19.07.2022 00:00
" Hemme zat görnüşi ýaly bolsa, eliňize alan deňziň suwy gök bolardy ". Görmek hemişe düşünmekmi? Köp adam men görýänlerime ynanýaryn diýip ýaşamaklaryna dowam edýärler. Diňlemek we düşünmegiň arasynda aşa tapawudyň bolşy ýaly, görmek we düşünmegiň arasynda-da uly tapawut bardyr. Aslynda görýänlerimiz bizi köplenç ýalňyşdyryp biler. Görmek hemişe düşünmek däldir. Ikisi dürli zat we köplenç bu tapawut adamlary ýalňyşdyrýar. Görüp derrew höküm çykaryp, netijä gelmegiň deregine, biraz köşeşip düşünişmäge synanyşsak, belki hemme zat başgaça bolar.
9
81
Nurmyradovna_a
18.07.2022 14:31
" Hapysa, şerraý bir adam bir gün şeýtan bilen duşuşup oňa şeýle diýýär: -Eý, Iblis meniň hem saňa meňzäsim gelýär, şonuň üçin näme edeýin? Muňa haýran galan Iblis şu jogaby berýär: -Geň zat, şu wagta çenli maňa imrinip, maňa meňzäsi gelen ynsana duşmadym. Eger hakykatdan hem maňa meňzemegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda iki zady terk et. Bular seniň Iblis bolmagyň üçin ýeterlikdir. Olaryň biri namaz, beýlekisi bolsa, ygrarlylyk ".
6
84
Nurmyradovna_a
17.07.2022 09:37
Iñ bolmanda bir adam bilen hemme zat hakda özüm ýaly gürleşmek isleýärin.
13
115
Nurmyradovna_a
15.07.2022 00:01
Muny eşitdiňmi bir ejiz dana,
Bir semiz samsyga diýdi bir gezek.

Arap at hernäçe bolsa-da arryk
Agyl doly eşekden ýeg ol gerek.

Eger dodagyny ýarmasa bir är
Aýby hem hünäri bolmaz äşgär.

Boşdur güman etme her bir tokaýy
Belki-de içinde ýatan gaplaň bar.

Eý, men nazaryna ejiz görünen
Ýogyny hünär diýip tutmagyn agyr.

Söweş güni gerek bili syk atlar
Ýaraşmaz meýdana garynlak sygyr.

Saady Şirazynyň "Gülüstan" eserinden bölek
8
72