" Hemme zat görnüşi ýaly bolsa, eliňize alan deňziň suwy gök bolardy ". Görmek hemişe düşünmekmi? Köp adam men görýänlerime ynanýaryn diýip ýaşamaklaryna dowam edýärler. Diňlemek we düşünmegiň arasynda aşa tapawudyň bolşy ýaly, görmek we düşünmegiň arasynda-da uly tapawut bardyr. Aslynda görýänlerimiz bizi köplenç ýalňyşdyryp biler. Görmek hemişe düşünmek däldir. Ikisi dürli zat we köplenç bu tapawut adamlary ýalňyşdyrýar. Görüp derrew höküm çykaryp, netijä gelmegiň deregine, biraz köşeşip düşünişmäge synanyşsak, belki hemme zat başgaça bolar.