Nurmyradovna_a
15.07.2022 00:01
Muny eşitdiňmi bir ejiz dana,
Bir semiz samsyga diýdi bir gezek.

Arap at hernäçe bolsa-da arryk
Agyl doly eşekden ýeg ol gerek.

Eger dodagyny ýarmasa bir är
Aýby hem hünäri bolmaz äşgär.

Boşdur güman etme her bir tokaýy
Belki-de içinde ýatan gaplaň bar.

Eý, men nazaryna ejiz görünen
Ýogyny hünär diýip tutmagyn agyr.

Söweş güni gerek bili syk atlar
Ýaraşmaz meýdana garynlak sygyr.

Saady Şirazynyň "Gülüstan" eserinden bölek
8
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.