Nurmyradovna_a
07.08.2022 19:34

"Emeli we ýasama ýuwaşlykdan, asyllylykdan" gaçarak duruň, sebäbi käbir adam ýuwaş , asylly ýaly görünse-de , onuň kalbynyň ýuwaş, asylly bolmazlygy mümkindir".Resuly Ekrem (s.a.w)
7
177
Lilia_
13 Awgust 2022
Dogry daşy jäjek içi möjek ynsanlarda köp aramyzda...
gulshatayewa97
8 Awgust 2022
Ýere bakandan ýer gorkar, ýeriň damarny gyrkar dp okapdym birýerde
ideallider
7 Awgust 2022
Bitter, howwa-howwa, köşeşdirmegiň ýerine öjükdür senem🤦🏻‍♂️
ideallider
7 Awgust 2022
Bitter, howwa dogry aýdýaň. Özleri düşünenliginde "Gurhany-Kerimiň" many mazmunlaryna düşünip ýalançyny hem jennede öwrüp bilerdiler.
ideallider
7 Awgust 2022
Nurmyradovna_a, düşüniň, arap-dilinden edilen terjimeler 100% dogrydäl. Muňa hatda dil-öwreniji pedagog-akademikler hem güwä geçip bilenok.
Nurmyradovna_a
7 Awgust 2022
™BaBu™, Gürrüň EMELI ýuwaşlyk we asyllylyk barada gidýär

IDEALLIDER, Hawa dogry aýtýaňyz 🙂
ideallider
7 Awgust 2022
Nurmyradovna_a, bolýa, köşeşiň "Ody o:t bilen" öçürüp bolmaz🙁
Nurmyradovna_a
7 Awgust 2022

™BaBu™, siz meniň nähili häsiýetlidigimi nirden bilýaňiz?
ideallider
7 Awgust 2022
Nurmyradovna_a, seniň ýalňyşan ýeriň "Käbir" sözi ulanmadyň. ™BaBu™, senhem beýdip parçalap-duzlamalydäldiň.
Nurmyradovna_a
7 Awgust 2022
™BaBu™,bagyşlaň welin bu sözler meniň öz sözüm däl! Kimiñ sözleridigini ýazmak ýadymdan çykypdyr. Resuly Ekrem (s.a.w) sözleri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.