N.T.
30.01.2022 23:43
ÝAŞLYGYÑ ÝASY...

DOWAMY...

5

Bir tarapy gara, bir tarapy ak,
Durmuş meňzeş çal başly bir gassaba.
Läş göwräni aýagyndan asýar ol,
Etmişli, etmişsiz, tapawudy ýok.

Nesimini, nepisligi bilenok,
Derkar oňa diňe sugry bagana.
Dogulmaga oýun, aşyk… bahana,
Ýöne muňa oýnamaga gelen ýok.

Ölmäge gelinýär, bu dünýe pany,
Tütjaram, neçjaram ölmeli ahyr.
Jany satyn alan bir kimse barmy?!

Jan alan weli bar, döküp al gany,
Garramak ne ýagşy gar düşüp saça.
Olar geçen gije-gündizlem ýaly.

6

Olar geçen gije-gündizlem ýaly,
Ynha, ýene bir gün — bir gyl agarýar.
Agarýar-da, soňra tänýär — azalýar,
Oň bilen deň damýar gözlemmiň ýagy.

Ýüze gasyn düşen garrylyk gözel,
Sugry bagana dek başda bolandan.
Garry goýun köp ýalbardy bogazka:
«Dogulmawer sugry bolup, jan guzym!»

Gözellik dünýäni edýärmi halas
Ýa-da dünýä gelip bolýarmy pida?!
Çözmeklik siz bilen, mesele, hana…

Pytransoň aýrylyp sünbülden däne,
Siňer ene ýere, birigmez gaýta.
Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli.



Entäk ýene dowamy bar😋😋😋😉
4
21
N.T.
N.T.
30.01.2022 22:21
NÄDIP BAGTLY BOLMALY🤔🤔🤔 Siziñ pikiriñizçe suratda aýdylýanlar dogrymy???? ######$$$%% 1.Başgalaryñ pikiri hakda pikir etme.🤔🙅‍♀️ 2.Her bir pursatdan lezzet al.😋☺ 3.Her bir ýalñyshlyk,bu ösüşe tarap
N.T.
30.01.2022 11:32
Ýaşlygyñ ýasy...

DOWAMY...

3

Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp,
Düýnüm şonuň ýaly, galdy zibilde.
Ýatlamadan peýda ýok, indi bildim,
Bat berip, sesiňe bogazyň gyrsaň.

«Alnan haryt gaýtarlanok yzyna».
Oglumyň arlygnyň ýüzünde gördüm.
Bir daýza alakjap güýzünde ömrüň,
Deňleşmekçi dars ýasaýan gyzyna.

Ýaby galsa guýrugyndan, ýalyndan,
Göwher dak, boýag çal, meňzemez ata.
Arzan bolar çyn bedewiň nalyndan.

Gozgamak nä derkar ýürek ýarasyn?!
Ýyrtyk surat keýpe sogan dograýar,
Islän külbedreden alyp garasyn.

4

Islän külbedreden alyp garasyn,
Nepi degmez ýöne ertämiz üçin.
Eneden aýrylyp entände güjük,
Emme ýok, oňmaly ýalap ýarasyn.

Ýetime ýer bermez dört sany ýeňňe,
Iki güni ýer tapsa-da keçeden.
Gowudyr, ähtimal, mundan geçenem,
Köpekligem heniz öňdedir, emma

Derrew seň boýnuňa salynar zynjyr,
Hojaýnyň, güjügiň gulusyň onsoň.
Üstüňe jöw-jöwlär gürjüdir ganjyk.

Ömür gara geçiň hamydyr gatan,
Ýatsaň, tursaň, saňa garasy, ýogsam —
Bir tarapy gara, bir tarapy ak.


DOWAMY BARDYR...
6
39
N.T.
29.01.2022 23:11
ÝAŞLYGYÑ ÝASY

1

Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn».
Ýaşlykda garramak aýypdyr, belki —
Düşendir ýüzüme keşbi hem reňki,
Şüdügär topragy köp gezdim basyp.

«Juda ir düşüpdir maňlaýňa gasyn».
Çagalykda teşne janym ýakypdym,
Gojalaryň ellerne suw akytdym,
Deregne pent aldym susaklap susup.

Geçen günlerimiň okap tepbedin,
Men bu gün tutsamam ýaşlygmyň ýasyn,
Ýüzümem, ýüregmem bolmaz gap-gaty.

Düşse-de, ýüzüme, goý, düşsün ýygyrt.
Ýüz ýüň mata däldir ýamap ýelmäre,
Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk».

2

Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk»,
Adamlaň içinde azmy şeýlesi?!
Ýaş bolmaga arza berip meýletin,
Melguna ýüz tutýar bir goja ýortup.

Sapak alyp, al salmaga çalyşýar,
Isleýär ikinji ýaşlygy, belki.
Indiki ömründe bolar ol kimsi,
Adam gümanyna özi bulaşýar.

«Uçýan» diýýär, kerte tarap uçýandyr,
Gaz ýöreýşin etseň, satan çat açar.
Garynjalar azsa, ganat açýandyr.

Bir uçsaň gonjagyň juda gümürtik,
Ýaşlyk gelmez ganat bilen, per bilen.
Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp.



Dowamy bar....
6
77
N.T.
N.T.
24.01.2022 22:00
Şu aşakdaky surada ünslije serediñ!!! 🧐🧐 #Suratdaky 4 sany ýyldyzjyklary⭐ tapyp bilermisiñiz???🧐🤔🧐🤔 #Hany onda KIM ÇALASYN KIM ÇAKGAN😁?! Ýyldyzjyklary⭐ gözleýan wagtyñyz dileg tutuñ(arzuw ediñ)
N.T.
24.01.2022 14:47
YKBALYMA

Ýalňyşdyrma ykbal meni, ýüklän ýüküň agmasyn,
Kä gün ejizlän wagtymda duşmanlarym aňmasyn.
Ynsap bergin Ýa biribar, halal gollar çoglasyn,
Meň arkamda ilim-günüm hem-de beýik Taňrym bar.

Dilegimdir, bolsam-bolar, adamlaryň sadasy,
Düýä inip gelip-geçmek bu dünýäniň kadasy,
Hökmanam däl uly ýollar, nesip etse ýodasy,
Sygyrsalar ýodajyga, şondan gitjek göwnüm bar.

Gora Allam, näkeslerden, beteri bar, beterden,
Bu dünýäniň gurluşuna çökder aklym ýeterden,
Döwük kürek ýüzüp barýan, sowma meni hatardan,
Çaňly aýdar, öz ugruma ýüzüp gitjek golum bar.

Çaňly DAWUTGULYÝEW
8
23
N.T.
24.01.2022 12:18
"DOGRY DANA DIÑE DOGRUSYN DIÝER..."

Dogry dana diňe dogrusyn diýer,
Öldürseňem galat bolmaz, galp bolmaz.
Öz ullakan oglun ulaldyp bilmän,
Mertebesin kiçeldenden halk bolmaz.

Hyzmatynda durup uly dünýäniň,
Dünýäň derdin öz derdimdir diýýäniň,
Zähmet çekip, öz çöregin iýýäniň
Iýen nany, içen suwy talh bolmaz.

Egip bolmaz beýik çynaryň bilin,
Dawasyny etmän peliň ýa çiliň,
Bir agza garaýan agzybir iliň
Galasyny goşun çekip alyp bolmaz.

Ojagyn öçürmez közüni sylan,
Hasylyn har etmez kölüni sylan,
Hak söze ar etmez özüni sylan,
Mert kişileň meýlisinde parh bolmaz.

Hasyl alar ekjek ýeri tarp bolan,
Yşky söze bezeg berer harp bolan,
Bir gözeliň gözlerinde gark bolan—
Dünýäň däli derýasynda gark bolmaz.

Atamyrat ATABAÝEW.
5
24
N.T.
23.01.2022 22:06
ÝAGŞY HÄSIÝET HAKYNDA

Polat otda taplanýandyr,
Ejem maňa şeý diýýädi.
Sähel zada müzzermäňi,
Mertje bol-da, goý diýýädi.

Belentlige ýetmek üçin,
Belent bolmak gerek munda.
Egri ýoldan ýöremeklik,
Telek munda, telek munda...

Ýakynu-ýat, dosty-ýaryň
Bagtly bolsa bagtyňseňem.
Göriplikden daşda bolsaň,
Buýsanjysyňmährem eneň.

Heran-haçan baýdak ýaly,
Gymmatyňy saklap bilseň.
Ýeter maňa mydam kakaň,
Ynamyny haklap bilseň.

Nirde bolsaň özüň bolgun,
Munda mertler ýatlanýandyr.
Ejem maňa şeý diýýädi,
Polat otda taplanýandyr.


6
28
N.T.
23.01.2022 20:54
YKBALYM

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Gögele arzuwlaň dogýan ýerine,
Göwnüm ýaly gülüp mawy Asmanyň,
Umydyň süýt bolup çogýan ýerine.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Bagtyň bir kempuda deňdeş ýerine.
Kir-kimirsiz çaga kalbyň ahwaly,
Reňkli pagta süýjä meňzeş ýerine.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Kakam tudumyzdan hiňňillik assyn,
Arkasy ullakan gutuly daýy,
Ýene obamyzda ak patrak satsyn.

Gulajygy harry jigim köçede,
Gün ýaşýança şol ýoluma garasyn.
Şol günlere äkit meni ykbalym,
Gelýär enemlere ylgap barasym.

Täze ýazan goşgym birinji bilen,
Ejemjana okap beresim gelýär.
Gelnejelem, daýy, dogan, ýegenlem...
Ýene täzeden göresim gelýär.

Şol günlere äkit meni, ykbalym!
Erikler ýene-de ak gülün seçer.
«Eje!» diýsem, «How tokarjam!» diýer-de...
Guwanyp, buýsanyp bakardy ejem!
10
27
N.T.
N.T.
22.01.2022 10:07
Bedenimizde suwuñ düzümi