Ýaşlygyñ ýasy...
DOWAMY...
3
Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp,
Düýnüm şonuň ýaly, galdy zibilde.
Ýatlamadan peýda ýok, indi bildim,
Bat berip, sesiňe bogazyň gyrsaň.
«Alnan haryt gaýtarlanok yzyna».
Oglumyň arlygnyň ýüzünde gördüm.
Bir daýza alakjap güýzünde ömrüň,
Deňleşmekçi dars ýasaýan gyzyna.
Ýaby galsa guýrugyndan, ýalyndan,
Göwher dak, boýag çal, meňzemez ata.
Arzan bolar çyn bedewiň nalyndan.
Gozgamak nä derkar ýürek ýarasyn?!
Ýyrtyk surat keýpe sogan dograýar,
Islän külbedreden alyp garasyn.
4
Islän külbedreden alyp garasyn,
Nepi degmez ýöne ertämiz üçin.
Eneden aýrylyp entände güjük,
Emme ýok, oňmaly ýalap ýarasyn.
Ýetime ýer bermez dört sany ýeňňe,
Iki güni ýer tapsa-da keçeden.
Gowudyr, ähtimal, mundan geçenem,
Köpekligem heniz öňdedir, emma
Derrew seň boýnuňa salynar zynjyr,
Hojaýnyň, güjügiň gulusyň onsoň.
Üstüňe jöw-jöwlär gürjüdir ganjyk.
Ömür gara geçiň hamydyr gatan,
Ýatsaň, tursaň, saňa garasy, ýogsam —
Bir tarapy gara, bir tarapy ak.
DOWAMY BARDYR...