https://owrenmeli.app/19420-sonetler-cemeni.html#comment
N.T.
29.01.2022 23:11
ÝAŞLYGYÑ ÝASY1
Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn».
Ýaşlykda garramak aýypdyr, belki —
Düşendir ýüzüme keşbi hem reňki,
Şüdügär topragy köp gezdim basyp.
«Juda ir düşüpdir maňlaýňa gasyn».
Çagalykda teşne janym ýakypdym,
Gojalaryň ellerne suw akytdym,
Deregne pent aldym susaklap susup.
Geçen günlerimiň okap tepbedin,
Men bu gün tutsamam ýaşlygmyň ýasyn,
Ýüzümem, ýüregmem bolmaz gap-gaty.
Düşse-de, ýüzüme, goý, düşsün ýygyrt.
Ýüz ýüň mata däldir ýamap ýelmäre,
Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk».
2
Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk»,
Adamlaň içinde azmy şeýlesi?!
Ýaş bolmaga arza berip meýletin,
Melguna ýüz tutýar bir goja ýortup.
Sapak alyp, al salmaga çalyşýar,
Isleýär ikinji ýaşlygy, belki.
Indiki ömründe bolar ol kimsi,
Adam gümanyna özi bulaşýar.
«Uçýan» diýýär, kerte tarap uçýandyr,
Gaz ýöreýşin etseň, satan çat açar.
Garynjalar azsa, ganat açýandyr.
Bir uçsaň gonjagyň juda gümürtik,
Ýaşlyk gelmez ganat bilen, per bilen.
Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp.Dowamy bar....
6
77