ÝAŞLYGYÑ ÝASY...
DOWAMY...
5
Bir tarapy gara, bir tarapy ak,
Durmuş meňzeş çal başly bir gassaba.
Läş göwräni aýagyndan asýar ol,
Etmişli, etmişsiz, tapawudy ýok.
Nesimini, nepisligi bilenok,
Derkar oňa diňe sugry bagana.
Dogulmaga oýun, aşyk… bahana,
Ýöne muňa oýnamaga gelen ýok.
Ölmäge gelinýär, bu dünýe pany,
Tütjaram, neçjaram ölmeli ahyr.
Jany satyn alan bir kimse barmy?!
Jan alan weli bar, döküp al gany,
Garramak ne ýagşy gar düşüp saça.
Olar geçen gije-gündizlem ýaly.
6
Olar geçen gije-gündizlem ýaly,
Ynha, ýene bir gün — bir gyl agarýar.
Agarýar-da, soňra tänýär — azalýar,
Oň bilen deň damýar gözlemmiň ýagy.
Ýüze gasyn düşen garrylyk gözel,
Sugry bagana dek başda bolandan.
Garry goýun köp ýalbardy bogazka:
«Dogulmawer sugry bolup, jan guzym!»
Gözellik dünýäni edýärmi halas
Ýa-da dünýä gelip bolýarmy pida?!
Çözmeklik siz bilen, mesele, hana…
Pytransoň aýrylyp sünbülden däne,
Siňer ene ýere, birigmez gaýta.
Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli.Entäk ýene dowamy bar😋😋😋😉