Muhammet2108
Muhammet2108
23.01.2022 08:58
Omar Haýýam Rubagylar dowamy bar köp...
Muhammet2108
Muhammet2108
21.01.2022 15:19
Ol Aşgabadyň golaýyndaky Köşi obasynda dünýä indi . Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Uniwersiteti gutarandan soň, orta mekdepde iki ýyl işledi we çagalaryň goşgularyny ýazdy. Altmyşynjy
Muhammet2108
Muhammet2108
20.01.2022 08:21
BEÝIKLIK BASGANÇAKLARY Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalygy, mekdep we talyplyk ýyllary. Zähmet ýoly. Ýolbaşçylyk tejribesi ■ Çagalyk ýyllary Türkmenistanyň ilkinji hem ömürlik Prezidenti, dünýä
Muhammet2108
Muhammet2108
18.01.2022 10:20
GÖDEKLIK Dünýede her kimiň öz gylygy bar, Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler. Edep-sypaýçylyk adamy bezär, Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler. Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm, Gödekligem meni kowlap
Muhammet2108
Muhammet2108
17.01.2022 08:45
Türkmen dönüklik etmeýänligi bilen beýik milletdir
Muhammet2108
Muhammet2108
15.01.2022 17:45
«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan. Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan, Örtenip, miwesiz galdym men, guzym. Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn». «Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan. Hoz diýdi: «Ýeňilip
Muhammet2108
Muhammet2108
09.01.2022 08:27
Geçen günleriñ birinde bir aýal hassahana bejergi üçin ýanyma geldi. Aýaldan has köp, men onuň ýanyndaky 10 ýaşly ogly Hasan bilen has gyzyklandym. Oglanyň çep eli garnyna ýapyşan ýalydy we asla
Muhammet2108
08.01.2022 08:50
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi, dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi...

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň The World University Rankings sanawyna girmegi başardy. Bu barada «MIR 24» habar berýär. Türkmen ýokary okuw mekdebi bu ýokary netijäni hereket edip başlanyndan soň, bary-ýogy üç ýylyň dowamynda gazandy.

Uniwersitetleriň ählumumy reýtingi ýokary bilim hakynda abraýly britan neşiri tarapyndan neşir edilýär. Sanawda, adatça, Oksford, Garward, Prinston uniwersitetleri öňdeligi eýeleýär.
Ýokary okuw mekdebiniň umumy netijesi bäş sany görkezijiniň esasynda: bilim, barlaglar, salgylanmak, senagatdan girdejileri we halkara utgaşygy esasynda toplanylýar.
Belläp geçsek, türkmen ýokary okuw mekdebinda 21 ugur boýunça hünärmen taýýarlanylýar.
12
173
Muhammet2108
Muhammet2108
07.01.2022 08:34
Owadanlyk hem edep Owadan gelinler! Siz hakda şu gün Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek. Owadan siz. Ýöne owadanlygňyz Size ýeňil düşýän däl bolsa gerek. Akylla-da mydam – Owadan gerek. Samsyga-da mydam
Muhammet2108
06.01.2022 00:13
Başarsa –
Her adam açyş etmeli,
Aýdaly – Nýutonyň açyşy ýaly.
Ýöne weli şeýle açyşa çenlem
Seniň her ädimiň açyşdan doly.

Emersiň. Ösersiň. Emedeklärsiň.
Dek durmaz aýagyň, dodagyň, eliň.
Göwni hoşdur seni ýaradan ataň,
Kalby guşdur seni doguran gelniň.

Guwanarlar saňa. Onýança-da sen
Guwançly gözlerden bir çete gaçyp,
Lowlap duran peçi elläp görersiň.
Şeýder-de başlanar
Ilkinji açyş.

Kem-kem aýak biter. Ýöräp başlarsyň.
Ak süýt emen bolsaň şu wagta çenli,
«Eýýäm uly adam bolduň sen» diýip,
Emmäňe burç çalyp başlarlar indi.

Dogrudanam, eýýäm uly adamsyň,
Öňüňde tabakdyr, eliňde kaşyk.
Bir gün gyzgyn aşa agzyň ýakarsyň,
Soň üfläp içersiň –
Ýene bir açyş.

Kemala gelersiň. Adam bolarsyň.
Dostlaryňam kem-kem boýuny ýetir.
Özüňem ep-esli bolansyň weli,
Bir dostuň-a hasam belentde otyr,
Begenersiň. Bir gün öýne bararsyň.
Garşylar öýdersiň gujagyn açyp.
Ol bolsa gözlerin gyrp-gyrp eder-de,
Seň adyňy sorar.
Ýene bir açyş.

Üstüňi gam basar. Iň gowy dostuň
Entek salýan däldir gapyňdan gara.
Sen bolsa «Bu gün ger, erte ger!» diýip,
Garaşyp ýörensiň düşünmän syra.

Gelmez ol. Ahyry gapyň kakylar.
Ol dostuňam daldir. Ýöne tanyşdyr.
Ahwalyň soraşar. Derdiň paýlaşar.
Ertir eýýäm seňiň halyň ýagşydyr.

Sen bolsa ýaňkyny gören ýeriňde
Görmegem islemän bir çete gaçyp,
Ýigrener ýörerdiň şo güne çenli.
Ulumy, kiçimi –
Bu-da bir açyş.

Ýene bir tanşyň bar. Pukara ýigit.
Gol doly maşgala. Jaýy hem kepbe.
Seniň öz jaýyň hem şonuň jaýyça
Bardyr ýa-da ýokdur. Emma bir hepde
Barmajak adamlaň ýanyna gatnap,
Görmejek adamlaň gülüp ýüzüne,
Hemdemlik edersiň.

Gyşyň öň ýanda
Çülpeje çagalaň deger gözüne.
Atalary bolsa şol täze jaýyň
Täze açar bilen gapysyn açyp,
Ak otag içinde seniň üstüňden
Gara şyltak ýazýar. Bu-da bir açyş.

Şunça açyşlary eden bolsaň-da,
Açyşyň sanyna buýsanmagyn sen
Çaknyşmak hetdine ýeten bolsaň-da,
Göreşe girmäge gyssanmagyn sen.

Göreşmek diýen zat mukaddes zatdyr.
Çaknyşjak bolsaň-da är bilen çaknyş.
Şeýle çaknyşykda ýykmagam gözel,
Ýykylmagam gozel –
Ikisem açyş.
11
81