Başarsa –
Her adam açyş etmeli,
Aýdaly – Nýutonyň açyşy ýaly.
Ýöne weli şeýle açyşa çenlem
Seniň her ädimiň açyşdan doly.
Emersiň. Ösersiň. Emedeklärsiň.
Dek durmaz aýagyň, dodagyň, eliň.
Göwni hoşdur seni ýaradan ataň,
Kalby guşdur seni doguran gelniň.
Guwanarlar saňa. Onýança-da sen
Guwançly gözlerden bir çete gaçyp,
Lowlap duran peçi elläp görersiň.
Şeýder-de başlanar
Ilkinji açyş.
Kem-kem aýak biter. Ýöräp başlarsyň.
Ak süýt emen bolsaň şu wagta çenli,
«Eýýäm uly adam bolduň sen» diýip,
Emmäňe burç çalyp başlarlar indi.
Dogrudanam, eýýäm uly adamsyň,
Öňüňde tabakdyr, eliňde kaşyk.
Bir gün gyzgyn aşa agzyň ýakarsyň,
Soň üfläp içersiň –
Ýene bir açyş.
Kemala gelersiň. Adam bolarsyň.
Dostlaryňam kem-kem boýuny ýetir.
Özüňem ep-esli bolansyň weli,
Bir dostuň-a hasam belentde otyr,
Begenersiň. Bir gün öýne bararsyň.
Garşylar öýdersiň gujagyn açyp.
Ol bolsa gözlerin gyrp-gyrp eder-de,
Seň adyňy sorar.
Ýene bir açyş.
Üstüňi gam basar. Iň gowy dostuň
Entek salýan däldir gapyňdan gara.
Sen bolsa «Bu gün ger, erte ger!» diýip,
Garaşyp ýörensiň düşünmän syra.
Gelmez ol. Ahyry gapyň kakylar.
Ol dostuňam daldir. Ýöne tanyşdyr.
Ahwalyň soraşar. Derdiň paýlaşar.
Ertir eýýäm seňiň halyň ýagşydyr.
Sen bolsa ýaňkyny gören ýeriňde
Görmegem islemän bir çete gaçyp,
Ýigrener ýörerdiň şo güne çenli.
Ulumy, kiçimi –
Bu-da bir açyş.
Ýene bir tanşyň bar. Pukara ýigit.
Gol doly maşgala. Jaýy hem kepbe.
Seniň öz jaýyň hem şonuň jaýyça
Bardyr ýa-da ýokdur. Emma bir hepde
Barmajak adamlaň ýanyna gatnap,
Görmejek adamlaň gülüp ýüzüne,
Hemdemlik edersiň.
Gyşyň öň ýanda
Çülpeje çagalaň deger gözüne.
Atalary bolsa şol täze jaýyň
Täze açar bilen gapysyn açyp,
Ak otag içinde seniň üstüňden
Gara şyltak ýazýar. Bu-da bir açyş.
Şunça açyşlary eden bolsaň-da,
Açyşyň sanyna buýsanmagyn sen
Çaknyşmak hetdine ýeten bolsaň-da,
Göreşe girmäge gyssanmagyn sen.
Göreşmek diýen zat mukaddes zatdyr.
Çaknyşjak bolsaň-da är bilen çaknyş.
Şeýle çaknyşykda ýykmagam gözel,
Ýykylmagam gozel –
Ikisem açyş.