Muhammet2108
07.01.2022 08:34
Owadanlyk hem edep

Owadan gelinler! Siz hakda şu gün
Bir goşgy ýazmagy küýsedi ýürek.
Owadan siz. Ýöne owadanlygňyz
Size ýeňil düşýän däl bolsa gerek.
Akylla-da mydam –
Owadan gerek.
Samsyga-da mydam –
Owadan gerek.

...Köçeden uz ýöräp bir gelin barýar,
Elinde almaly, käşirli sebet.
Akyllam gaňrylyp, yzyna garýar,
Samsyklaram diýýär: «Seret-de seret!»

Bir ýigit gygyrýar: «Aý, Meret, Meret,
Wah, wah, seret, gara gözlerne seret!»
Elbetde, seretmek gadagan zat däl.
Ýöne beýdip geçi ýaly çekremek
Nämäňe gerek!

Hanha bir gapdalda ýene bir kelpeň
Gyzyldan dişini güjeňlän bolup,
Jikjeren bolup dur. Gelin uýalýar.
Gaşlar aşak inýär misli bir bulut.

Bulut al ýaňaga kölege salyp,

Lemmer-lemmer bolup,
ýagjak, ýagjak, ýagjak
Bolýar-da, saklanýar. Ýagaýaňda-da
Ol kelpeň ne-hä bir ýagaňňa degjek,

Ne damanňa degjek... Gelin düşünýär.

Gyzaran ýaňagna eltýär-de elin,
Ýaşyl ýeňi bilen bägül ýüzüni
Ýaprakly üzüm dek
Gizleýär gelin.

...Kioskyň ýanynda saklanýar gelin.
Elinde almaly, käşirli sebet.
Ýene-de beýleden kilçerýär biri:
«Eset, Mämmet, onuň saçlarna eset!»

Gelin bir üm bilen,
birje söz bilen
Kössekläp biljekdi kelpeňleň dilin
Emma beýtmedi ol. Beýtmekçem däldi.
Bägül dek paşyrdap barýardy gelin.

Öz iş-derdi bilen gümrady gelin.
Soňabaka çykdy ne gülki, ne gep.
...Şeýdip biedeplik diýilýän zady
Käte (geplemän hem!)
Sem edýär Edep.
9
59
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.