Muhammet2108
20.01.2022 08:21
BEÝIKLIK BASGANÇAKLARY

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalygy, mekdep we talyplyk ýyllary. Zähmet ýoly. Ýolbaşçylyk tejribesi

■ Çagalyk ýyllary

Türkmenistanyň ilkinji hem ömürlik Prezidenti, dünýä möçberinde ykrar edilen meşhur syýasatçy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1940-njy ýylyň fewral aýynyň 19-yna Aşgabat şäherinde dünýä indi. Iki ýaşy hem dolmanka kakasy Atamyrat Nyýazow Beýik Watançylyk urşuna gidipdi. Geljekki Serdaryň ejesi Gurbansoltan Atamyradowa bolsa «Türkmenhalybirleşigiň» döwlet haly gaznasynyň ýanyndaky Aşgabadyň çeperçilik-synag ussahanasynda ýokary hünärli halyçy bolup zähmet çekýärdi. Nyýazowlaryň maşgalasy Aşgabat şäheriniň Daşkent köçesiniň 24-nji jaýynda ýaşaýardy.
Her bir ömrüň, onda-da beýik adamyň manyly ömrüniň aýry-aýry döwürleri bolýar. Şahsyýetiň kemala gelmegi, ýagny kämillige ýetişiş nukdaýnazaryndan, ol döwürleri dogry anyklamak hem-de olaryň biri-birine geçişini dogry yzarlamak möhümdir. Şunuň hötdesinden gelsek, biz beýik şahsyýetiň häzirki derejesine hem-de häzirki gabarasynyň «giňişligine» mümkingadar oňat we doly göz ýetirip bileris. Meseläni, akyl ýetirmäniň umumy kanunalaýyklygyna geçirip aýtsak, islendik zadyň taglymaty onuň taryhyny ýüze çykarmaga esaslanýandyr. «Giňişlige» çykmak, «giňişligiň» gözýetimlerini kesgitlemek üçin, ilki bilen, çuňlugyň menzillerine aň etmek gerek.
Beýik Türkmenbaşynyň manyly hem şöhratly ömrüniň iň ilkinji menzili bu beýik ynsanyň doglan pursatyndan 1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýyna çenli döwri öz içine alýar. Bu döwri mähriban ene gujagyndaky hem-de mähirli ene elleriniň saýasyndaky döwür diýip atlandyrmak mümkin. Öňki ata-babalary babatda bolşy ýaly, geljekki Serdar kakasynyň şahsyýetini hakyda arkaly tanapdyr. Bu hakyda bolsa ýene ejesi Gurbansoltanyň gürrüňleri hem ýatlamalary esasynda kemala gelipdir. Diýmek, bu mähriban zenan ony eždatlary bilen baglanyşdyryjy mizemez bir halka bolupdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýaly beýik şahsyýeti dünýä indermek hem-de ony dünýä goşmak hem beýik zat weli, emma ýokarda aýdyşymyzdan görnüşi ýaly, ejesi Onuň üçin ýöne bir ene bolman, eýsem ony taryhy hakyda bilen baglanyşdyryjy ilkinji barlyk bolupdyr. Şonuň üçinem sözüň adaty, umumyadamzat manysynda-da, sözüň hut şu şahsyýetiň ömrüne dahylly aýratyn manysynda-da, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetlik ömri Gurbansoltan käbeden başlanýar.
Islendik beýik şahsyýet nyşanlardan hem seždegählerden (ideallardan) başlanýar. Adam intellekti hem, ylaýta-da ruhuň kämilligine ýetip, öz hususy gymmatlyklaryny – nyşanlaryny we seždegählerini oňlaýar hem-de öz hususy nyşanlaryny we seždegählerini edinýär. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň iň ilkinji nyşany we iň ilkinji seždegähi Gurbansoltan ejedir. Bu hadysada hususylyk bilen bir hatarda umumylyk hem bardyr. Türkmen aňynyň we bu aňyň amalyýeti bolan türkmen diliniň simwoliki ulgamynda ene esasy milli nyşanlaryň biridir. Muny enäniň «Käbe» atlandyrylmagy subut edýär. Käbe – mizemez ynanjyň hem-de baky mukaddesligiň nyşanydyr. Ol hiç mahal ýüz dönderilmejek ynançdyr we hiç mahal harlanylmajak mukaddeslikdir.
Şeýle umumylykdan aýratynlykda, hususy jähetden seredeniňde, Gurbansoltan ejäniň şahsyýetiniň we keşbiniň ynanç hem mukaddeslik nyşany bolmagyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ejesinden juda ir aýra düşmegi-de şertlendiripdir. Eneden aýra düşmek islendik ýaşda-da ýiti hem agyryly waka, emma ýaňy sekiz ýaşynda, onda-da şeýle pajygaly ýagdaýda eneden aýrylmak – munuň özi şahsyýetiň ruhy gurluşyny kesgitli suratda dörediji, esaslandyryjy düýpli hadysadyr. Enesinden hem doganlaryndan aýralyk,onda-da «tebigy däl», pajygaly suratda aýralyk Saparmyradyň ömründäki ilkinji ruhy-serhaly partlamadyr. Hut şu partlama-da onuň şahsyýetindäki bar bolan ruhy güýç-kuwwatyň atylyp çykmagynyň başlangyjy bolupdyr. Bu hakdaky gürrüň sene yzygiderligi boýunça soň dowam ediler, häzir bolsa hut şol partlamanyň netijesinde, ýöne onuň täsiri eýýäm psihikadan ruha we intellekte geçip, şahsyýetiň düşünjeli kesgitlän gymmatlyklaryna öwrülen mahaly ýazylan ýatlamalara we şygyrlara ýüzleneliň. Çünki olar bizi Beýik Serdaryň ömrüniň şol ilkinji döwrüne hem şol döwürdäki dünýäni duýşuna alyp gidýär.
Mukaddes Ruhnamada ýylgyryş esasy gymmatlyklaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Mukaddes kitabyň ýazary bu gymmatlygy öz çagalyk döwründen miras alandygy barada şeýle ýatlaýar: «Men ýeke çagym, köplenç, eziz Käbämi ýatlaýaryn.
Elli ýyldanam köp wagt geçdi, emma mähriban ejemiň ýylgyryşlary şindizem gözümiň öňünde. Men ol ýylgyryşy gözlerimi ýumubam görüp bilýärin, gijäniň tümünde hem.
Ejem uzakly gün halydan düşmezdi. Daragyň birsydyrgyn sesi, bedew atyň toýnak kakyşy ýaly, garypja öýümizde ýaňlanyp durandyr. Ertir irden, endigime görä oýanyp, ejemiň haly dokaýan otagyna barsamam işläp oturandyr, bizi ýatyrybam işläp oturandyr... Meniň haýpym gelerdi, ejem illeriň ejesi ýaly dynjam almazdy, gezmäge-de gitmezdi... Ejeden aýrylyp, soň-soň akylym ýetdi, ol görgüli iş bilen derdini ýeňýän eken, iş bilen bizi bolelinlikde ýaşatjak bolup, gijesini gündiz edip işleýän eken. Ýadymda, käte-käte:
– Eje, eje jan, dynjyňy alaýsana, seret, elleriň ýadap gidipdir – diýerdim. Ol şonda halysyny goýup, meni gujagyna alyp, bäbejigi üwreýän ýaly, çalaja yranyp ezizlärdi. Ýüzüme bakyp, gara gözlerini balkyldadyp şeýle bir ýylgyrardy, ana, şol ýylgyryş şindem meniň aňymda, kalbymda, ýüregimde, dünýämde ýaşap ýör... Men onuň onlarça, ýüzlerçe ýylgyryşyny hakydamda saklap ýörün, haýran galmaly ýeri, ony ýyllaram, ýellerem meniň hakydamdan süpürip aýryp bilenok. Men agyr hupbatlar başyma düşende, çykalga tapmadyk halatlarym ejem janyň mundan elli ýyl ozalky ýylgyryşyny ýatlaýaryn, şol pursat onuň mähriban ýylgyryşy kalbyma, dünýäme çaýylyp, dünýä ezizlenip gidýär, ýadawlygym edil el bilen aýrylan ýaly bolýar. Men, ertekidäki goja kişi ýaly, ähli keselimden gutulýaryn. Men, ertekidäki garry ýaly, şol ýylgyryşyň güýji bilen altmyş ýaşymdan ýedi-sekiz ýaşly oglanjyga öwrülýärin. Meniň ruhum algyr guş ýaly, al-asmana pel-pelläp uçýar, ana, men şol pursat, adamlar-a beýlede dursun, guşlaryňam, janly-jandarlaryňam diline düşünýärin. Ejem janyň gözlerindäki ylahy nur meniň kalbyma şuglasyny saçýar, meniň ömrüm, ýaşaýşym ene ýylgyryşyndan süýjeýär. Ol ýylgyryş maňa ylahy gudraty berýär» (339 s.).
Bu ýatlama beýik şahsyýetiň esasy sypatlarynyň biriniň onda berk hem mizemez ruhy binýadyň barlygydygyny görkezýär. Şahsyýet beýikliginiň emosional-serhaly görkezijisi tebigy hem akyl taýdan ulalmak bilen bir wagtda kalbyň çaga päkligini we arassalygyny saklap galmakdyr. Adam çagalyk duýgularynyň durulygyny ömrüniň ahyryna çenli saklap bilse, onuň halas boldugydyr. Kalbyň çagalygy – şahsyň adamçylyk hem ahlaky özenidir.
1947-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 1-inde Aşgabadyň 11-nji ýediýyllyk mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa bardy. Ejesi ony täze geýindiripdi. Bu arzyly güne Saparmyrat gününi sanap garaşypdy. Çünki onuň şeýle bir tiz okamaga başlasy, köp-köp zatlary bilesi gelýärdi. Dogany Nyýazmyrat ýaly, Saparmyradyň bäşlik bahalar bilen okasy gelýärdi. Nyýazmyrat bu mekdebiň 3-nji synpynda okaýardy. Onuň synp mugallymy gelip, Nyýazmyradyň gowy okaýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şonda Saparmyrat bu sözleriň özi hakda-da aýdyljagyny bilýärdi. Çünki ol indi iki ýyl bäri okap bilýärdi. Nyýazmyrat 1-nji synpa gatnap ugranda Saparmyrat hem onuň bilen bile okapdy.
Ikinji synpda Saparmyrat üçünji synpyň ähli matematika boýunça mysallaryny we ýumuşlaryny ýatdan bilýärdi.
Üç dogan Nyýazmyrat, Saparmyrat, Muhammetmyrat agzybirdiler. Olar ejesiniň tabşyryklaryny höwes bilen edýärdiler. Gurbansoltan eje ogullaryndan razydy.
Çörek şäherde kartoçka bilen berilýän hem bolsa, ýaşaýyş aýsaýyn gowulaşýardy. Üç dogan dynç günleri bazara gazanç üçin gidýärdiler, az hem bolsa gazanç edýärdiler. Gurbansoltan eje olara haly dokap otyrka kakalary, olaryň ýedi arkasy hakda gyzykly wakalary gürrüň berýärdi, käteler bolsa ogullaryna Annanyýaz Artygyň «Şejere depderinden» okap berýärdi.
Beýik Serdar özüniň Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitabynda üç dogan bolup başdan geçiren wakalary hakdaky «Durmuş sapaklary» atly hekaýatlar kitabyndan käbir hekaýatlary mysal getiripdir. Ol hekaýatlardan Beýik Serdaryň mähriban käbesi Gurbansoltan ejä, kyblasy Atamyrat aga, eziz doganlary Nyýazmyrat bilen Muhammetmyrada çäksiz hormatyny hem söýgüsini duýýarys.
1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 6-syna Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolan aýylganç ýer titremesi Saparmyradyň çagalyk döwrüne nokat goýýar. Eneli-doganly bagtyýar günler geçmişe gidýär. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda şeýle ýazýar:
«Uruş gutardy, diri galanlar Watanyna gaýdyp geldiler, adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen halkyny ýene bir synagdan geçirdi, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... Ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam ýatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümiziň üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. Şeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip, ölen Käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.
Şol alty gije-gündizde çagalyk döwrümiň gutaranyny bildim, gözümdäki ýaşlar ebedilik gurady, iň soňky gezek mähribanlaryma, harabanyň astynda ýatan ýerlerine seretdim, olara sessiz kasam etdim: «Siziň we mähriban kakamyň ruhy ömrüm ötinçä ýüregimde ýaşar, maňa gaýrat, güýç berer, men maksat tutdum, men siziň ýetip bilmedik arzuwlaryňyza hem ýeterin, Alla meni goldasyn, men maksadyma ýeterin!»
Beýik Serdaryň ýatlamagyna görä, ejesi-de, özi-de, doganlary-da şol gün giç ýatypdyrlar. Ol demi ýetmeýän ýaly bolup, birhili içi gysyp, daşaryk çykyp gelipdir. Ejesi onuň howsalalydygyny görüp, ýagdaýyny sorapdyr. Ol: «Bilmedim, näme üçindir, ýüregim gysyp, dünýä sygyp bilemok» diýipdir. Şondan soňra Gurbansoltan eje çaý demläpdir, ogullaryna çaý başynda kakalary Atamyrat hakda, onuň urşa gidişi, adamkärçiligi, öz ýaşlygy, öýleri hakda gyzykly hem süýji gürrüňler beripdir. Gije ýaryma golaýlanda, olar düşege geçipdirler. Saparmyrat uzak wagtlap uklap bilmän, bir zatlar hakda pikire batypdyr. Jaýyň içi garaňky hem bolsa, ejesiniň-de uklamandygyny duýan eken. Ýöne, oýa bolsalar-da, gepleşmän, dymyp ýatypdyrlar.
Birden, ýer silkinip, zenzele gopup başlapdyr. Şakyrdy, galmagal, «ah-waý» dünýäni tutupdyr. Üstüni basan jaýyň aşagynda ejesiniň, çagalaryny atma-at çagyryp: «Balalarym, dirimisiňiz?» diýip soraglaýan sesini eşitse-de, Saparmyrat oňa jogap berip bilmändir. Ol özüniň bokurdagyna dykylyp, geplemäge maý bermeýän bir zadyň bardygyny duýupdyr. Soň bu ýagdaýy eşiden adamlaryň aýtmagyna görä, şol pursat Onuň jany bokurdagyna gelen bolmaly. Munuň gorkudanam, howa ýetmezçiligindenem ýa-da üstüni basan ýüküň agramyndanam bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda adam gepläbem, gymyldabam bilmeýärmiş. Ýöne aňy ýerinde bolup, akyly işläp durýarmyş we töwereginde bolup geçýän zatlary doly seljerip bilýärmiş. Ol şondan soň özüni bilmän esli ýatypdyr. Birnäçe wagtdan soň daşardan gelýän hümürdini, gykylygy eşidip, agyr ukudan oýanan ýaly bolupdyr. Aýaklaryny hereketlendirip, bir boşlaglygyň bardygyny duýupdyr, ýöne göwre tarapyny agaç, kerpiç bölekleri gaty gysýan eken. Aýaklaryny, azajyk-da bolsa, düýrläp, aýaklaryna hem biline daýanyp, aşak tarap süýşüpdir. Onuň göwresi şondan soň biraz giňişlik tapyp, gysaçdan sypýan ýaly bolupdyr. Mümkin bolan hereketi gaýtalap, ýuwaş-ýuwaşdan süýşe-süýşe, aýaklarynyň hälki hereket edip bilýän uly bolmadyk boşlugyna ýetipdir. Ol jaýyň polundan çen tutup, aşak-ýokaryny saýgarypdyr we «Ýer titräp, jaý üstümize ýykylan bolmaly. Şeýle bolsa, depämden basyp duran zatlary aýryp bilsem, ýokaryk çykaryn» diýen netijä gelipdir. Elleri bilen sermeläp, gijäniň tüm garaňkysynda, üstündäki kerpiç böleklerini ýeke-ýekeden alyp, aşagyna düşäp başlapdyr. Üstüne dökülýän gumuň tozany dem almasyny kynlaşdyrýandygy üçin, bu işi juda haýal hem usully etmeli bolupdyr. Ol şeýde-şeýde üstündäki ep-esli kerpiji aýrypdyr. Ine, birdenem onuň oturan ýerine daşardan gözüni gamaşdyryjy ýagty düşüp ugrapdyr. Indi töwerekdäki eşidilýän sesler aýyl-saýyl bolup başlapdyr. Ýöne onuň gygyrýan sesine kömege gelen bolmandyr. Şeýle pursatlaryň birinde onuň gulagyna ýeriň astyndan ejesiniň: «Saparmyrat jan, sen dirimidiň, ähli umydym sendedir, balam!» diýeni eşidilen ýaly bolupdyr. Saparmyrat oňa hä berse-de, soň ol ses gaýtalanmandyr. Megerem, bu onuň enesiniň iň soňky aýdan sözleri bolsun gerek.
Şondan soň ol ýene uka giden ýaly bolupdyr. Ukuly-oýaly halda ýatyrka, jany gursagynda urunýarka, dünýä birden ýap-ýagty bolupdyr. Gözüňi alyp barýan ýiti ýagtylygyň içinde iki sany ak geýimli, ak sakgally, hasaly goja görnüpdir. Olaryň ýüzüniň mähirliligi hem nuranalygy ýüregine umyt hem ynam salypdyr. Gojalaryň biri gelip, Onuň edil gulagynyň düýbüne: «Sen halas bolduň, oglum. Wagt geler, seniň özüň halasgär bolarsyň» diýipdir. Gojanyň sesi şeýle ýakymly hem şatlyk dörediji owaz bolup, daş-töweregi tutanmyş. Birdenem, gojalar gaýyp bolup, Saparmyrat oýanyp, özüne gelipdir. Şondan soň ol özüni göýä sap-sagat adam ýaly duýupdyr.
Saparmyrat ellerinden akýan ganyny käwagt dodaklary bilen ýalap, üstündäki kerpiçleri aýyrmagy dowam etdiripdir. Ine, birdenem, ýarty kerpiji aýranda, daşaryk ýumruk sygar ýaly deşik açylypdyr. Ol indi hol aňyrda jaý gazyp ýören iki göwräni daňyň ýagtysyna aýdyň saýgarypdyr. Olary kömege çagyryp gygyrypdyr. Olar sesi eşiden bolmaly, gaňrylyp yzlaryna garap, esli durupdyrlar-da, ýene jaý gazmasyny dowam edipdirler. Saparmyrat bolsa indi üstüni basan kesekdir agaçlaryň astyndan özüniňem çykyp biljegine doly göz ýetirip gaýratlanypdyr. Ahyram hälki deşigi göwre sygar derejesinde ulaldyp, ondan ilki iki elini, soňra-da aýaklaryna direnip, kellesini-de çykarypdyr. Onuň ýarym göwresi eýýäm daşarda eken. Birsalym şeýle ýagdaýda daşaryny synlap durupdyr. Töwerekdäki ýykan-ýumrançylygy görüp, haýran bolup, doňup galypdyr. Soňra bolsa biri elinden çeken ýaly bolup, gaýratlanyp, ýokarlygyna bir omzapdyr weli, dyzyna çenli ýokary galmagy başarypdyr. Şondan soň ol dyzlaryna daýanyp, daşlaryň ýesirliginden doly boşapdyr. Esli wagtlap, aýaklarynyň gurşugyny ýazyp bilmän duransoň, öz üsti-başyna, el-aýagyna esewan edipdir.
Şondan soňra Saparmyrat hälki jaý gazýan adamlaryň ýanyna barypdyr. Olaryň ikisem içki egin-eşikdäki, ýarym-ýalaňaç erkek adamlar eken. Bu ikisi jaýyň aşagyndan daýaw göwreli bir zenan maşgalanyň jesedini çykaryp alyp, süýndürip ýatyryp goýupdyrlar. Olaryň ýaşuluragy kä oňa, kä ýoldaşyna, birem Saparmyrada seredip, naýynjar äheňde: «Mert bolalyň!» diýip, aşak oturyp, jesediň gözlerini ýumdurypdyr. Bu zenany görüp, Saparmyradyň ejesi ýadyna düşüpdir, ýykylan jaýlaryna tarap ylgapdyr. Ol haraba bolup ýatan jaýyň üstüne çykyp: «Eje, eje!» diýip birnäçe gezek gygyranda, öz sesini özi tanamandyr.Saparmyradyň halas bolşy barada gürrüň edenlerinde, soň-soňlar garyndaşlary muny onuň boýnundaky tumaryň gudraty bilen düşündiripdirler. Birnäçe gezek, ýer titreme her ýatlananda, gaýtalanan bu gürrüňiň birinden soňra Saparmyradyň ýadyna şol daňdanky düýş bolup görnen ahwalaty birin-birin düşüpdir. Ol aksakgal gojalar birden gelişleri ýaly, birdenem gaýyp bolupdyrlar. Ýöne gitmänkäler, gojalaryň biriniň beýlekisinden: «Bu oglanjyk kim?» diýip soranyny Saparmyrat eşidipdir. Şonda beýleki goja: «Bu oglanjygyň boýnunda meniň şol ak pata beren nusaýlymyň tumary bar. Bu şonuň nesli bolmaly» diýipdir. Saparmyrat weli bu ahwalaty, hamana, aýtmazlygy birine söz beren ýaly, hiç mahal hiç kime aýtman gelipdir.
11
108
Muhammet2108
20 Yanwar 2022
Dogry aýtýan tkm ýöne men pikirimçe suwagty atamjanyn durmusy orän Abdulhamid hänyn durmusyna menzeýä
TKM..
20 Yanwar 2022
Durmushda gorelde alyan ynsanym Saparmyrat Atayewic... birem Türk lideri Abdulhamid shu iki ynsana hormatym uly
N.T.
20 Yanwar 2022
Muhammet2108,turkmenler un iñ yakyn bolan ynsanyñ ömur ýoly barada gowy maglumat paylashypsyñ 😔sag bol👏👏👍👍
Muhammet2108
20 Yanwar 2022
Âmin🤲🤲🤲
Ovezova_
20 Yanwar 2022
👏👏👏👏👏👏ýatan ýeri ýagty bolsun
MissBoss♕
20 Yanwar 2022
Banucıcek,💯☹️☹️☹️
MissBoss♕
20 Yanwar 2022
Джайы дженнетден болсын БЕЙИК СЕРДАРЫМЫЗЫН🙏🏻🙏🏻🙏🏻Гаты гынанчлы аз вагтлы яшлыгы бар экен...:(
ideallider
20 Yanwar 2022
Sagbol paýlaşanyňa, giden gowydy, şuwagtky ara, geljegem bulardan gowy bolar diýip bolmaz👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.