Mercedes_fan
05.05.2024 23:21
Özuňi multifilmde ýaly duý:Pixar studiýasynyň ,,Ýokaryk,, multifilmindäki jaý kärendesine berilýär.
Pixar studiýasynynyň “Ýokaryk” («Вверх») multfilminiň baş gahrymany Karl Fredrikseniň uçýan jaýynyň nusgasy ýaşaýyş jaýyny kärendesine almak üçin Airbnb onlaýn-platformasynda peýda boldy. Ýöne kärendäniň bahasy bildirişde görkezilmeýär.

Up House atly jaýyň üçeginde 8 müň howa şary bar. Eger isleseler, kärendeçiler göteriji kranyň kömegi bilen Ýerden ýokary galyp bilerler. Jaý Nýu-Meksiko ştatynyň Abikiu şäheriniň ajaýyp gyzyl gaýalarynyň arasynda ýerleşen diýlip, bildirişde bellenilýär.
Jaý dört myhmana niýetlenendir. Bu ýerde ýatylýan otag, myhman otagy we hammam otagy bar. Özboluşly myhmanhananyň interýerleri we bezeg predmetleri hem multfilmdäki ýaly görünýär, diwarlarda bolsa onuň gahrymanlarynyň suratyny tapmak bolýar.
15
43
Mercedes_fan
19.05.2023 22:42
Täsin maglumatlar 2
1.Dünýäde ilatyň ⅔ bölegi ömründe gar görmedik.
2.Multivitaminleriň aşa köp ulanylmagy infarkt keseline ýol açýar
3.Polşanyň koroly Augustyň 350 sany çagasy bardyr.
4.Aşa köp suw ulanylýandygy sebäpli toprak şorlanýar we suw baýlyklarymyz gitdigiçe azalýar.
5.Ýüregimiz günüň dowamynda 1 ýük ulagyny (tigajy) 32 km äkidip biljek energiýa emele getirýär.
6.Kubada hökümetiň awtoulaglaryny dolandyrýan sürüjiler,ýolda elini bulaýan ýolagçylary almaga borçludyrlar.
7.Eger aýagyňyza sogan çalsaňyz,1 sagatdan soň tagamyny duýarsyňyz,sebäbi gan damarlaryňyza sorulýar.
8.Ýeriň ýadrosy Gün ýaly yssydyr.
9.1989-2009 ýyllar aralygynda Germaniýada 2000 okuw okuwçy ýetmezçiligi sebäpli ýapyldy.
10.Krokodiller suwuň aşagynda 45 sagat dem alyp bilmän ýaşaýarlar.
20
217
Mercedes_fan
01.05.2023 22:30

Täsin maglumatlar

1.Garynjalar iki hepdeläp suwuň aşagynda ýaşap bilerler.

2.Adamlar haýwanlara garanyňda 3 sagat az uklaýar.

3.Günde 7 sagatdan az uklamak, adamyň ömrüni gysgaldýar.

4.Russiýanyň meýdany 17 mln km² den uludyr.Pluton planetasynyň meýdany bolsa 16,6 mln km².

5.Içinde ýaşaýan galaktikamyz ýaly millionlarça galaktika bardyr.

6.Saturnyň Günüň daşyndan

1 gezek aýlanmagy üçin 29.4 ýyl gerek.

7.Garynjalar öz hinini agyzlary bilen gazýarlar.

8.Dünýäde iň adamyň öz janyna kast edýän ýeri ,,Golden Gate,, köprüsidir.

9.Bill Gates sekuntda 200 dollar gazanýar.

10.Ortaça bir öý pişigi Useýn Boltdan çalt ylgaýar.

11.Hindistanyň Mumbaý şäherinde 1 gün howadan dem almak 100 sany çilime barabardyr.

12.Walt Disneý,Bill Gates,Genri Ford,Steve Jobs...bularyň hiç birinde uniwersitet diplomy ýokdyr.

13.Başam barmagyňyz bilen burnuñyz deňdir.

14.Her 13 sekuntda 1 adam çilim sebäpli aradan çykýar.

15.Kagyz pullar özünde 2 hepde boýunça dümew wirusy saklaýar.


Postumy halan bolsaňyz birje 👍

48
331
Mercedes_fan
22.04.2023 08:55
Nýu-Ýork iň köp millionerli şäherleriň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.

Nýu-Ýork, geçen ýylda bolşy ýaly, iň köp millionerleriň ýaşaýan şäherleriniň sanawynda ýene-de öňdäki orny eýeledi.

Report agentliginiň habar bermegine görä, muňa Henley& Partners we New World Wealth neşirlerinde çap edilen “2023-nji ýylyň iň baý şäherleriniň” sanawy şaýatlyk edýär.
Hytaý we amerikan şäherleri bu sanawda öňdäki orunlary eýeleýär. Öňdäki top-10-ga giren ýeke-täk ýewropa şäheri London boldy.
Bellenilişe görä, Nýu-Ýorkda häzirki wagtda 340 müň millioner ýaşaýar. 10 ýyl mundan öň bu sanawda öňdeligi eýelän Tokio (Ýaponiýa) 290,3 müň millioneri bilen ikinji, San-Fransisko (ABŞ) 285 müň adam bilen üçünji orny eýeleýär. Dördünji orunda London (Beýik Britaniýa ) 285 müň, Singapur bolsa bäşinji orunda 240,1 müň millioner.
Geçen ýylda hem öňdäki orny eýelän bäş şäher, bu ýylda hem ornuny üýtgetmedi. Los-Anjeles (ABŞ) altynjy ornuny (205, 4 millioner) saklap galypdyr, ýöne Çikago we Hýuston ilkinji onlukdan düşdi. Emma Gonkong (129,5 müň millioner) welin ýedinji orny eýeläp, sanawa gaýdyp geldi. Sekizinji we dokuzynjy orunlary Pekin (128,2 müň millioner) we Şanhaý ( 127,2 müň millioner) eýeledi.
Ilkinji onluklaryň sanawy Sidneý (126,9 müň millioner) bilen tamamlandy.
16
136
Mercedes_fan
19.04.2023 23:21
...Gaýdyp gelmejek geçmişe garaşanyñ peýdasy ýok....
Unutma!! Öňümizde bize garaşýan geljek bar,şoňa tarap hereket etmeli...
26
316
Mercedes_fan
22.01.2023 11:44
Zaman geçip gidiyor da,⏳
Nedense bıraktığı izler geçmiyor😔
11
28
Mercedes_fan
08.01.2023 20:38
Meniň durmuşumda iki kanun bar✌
Birinjisi,özümden başga hiç kime ynanmazlyk.
Ikinjisi,birinji kanuny unutmazlyk...
8
346
Mercedes_fan
05.01.2023 23:33
Üstünlik bu merdiwandyr,iki eliňi jübiňe sokup dursaň oňa asylyp bilmersiň...

E.kitap
23
215
Mercedes_fan
04.01.2023 23:48
Meniň iňlisçe düşünişim...😁😁

I run each team - Ayran içdim
Goodly ball soon - gutly bolsun
You wash ball - ýuwaş bol

😅😅😅
17
207
Mercedes_fan
03.01.2023 23:53
,,Awatar 2'' taryhda iň girdejili 15-nji film boldy.

Jeýms Kemeronyň ylmy-fantastiki blokbasteri bolan “Awatar: Suw ýoly” üç uikendiň dowamynda dünýä prokatynda 1,38 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Olardan 957 mln dollar daşary ýurt bazarlarynyň paýyna düşdi. Bu barada “Deadline” ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

ABŞ-nyň çäginden daşary girdeji ýygymynyň şu hepdäniň dowamynda 1 mlrd dollardan geçmegine garaşylýar. Bu lenta eýýäm taryhda iň girdejili filmleriň sanawynda “Garri Potter we Ölüm peşgeşi. II bölüm” filmini ($1,342 mlrd) 15-nji orundan gysyp çykardy.
“Suw ýoly” “Awataryň” meýilleşdirilen dört dowamynyň birinjisidir. Ikinji bölümiň baş gahrymanlary ýene-de ýerli Jeýk Salli (Sem Uortington) we Pandora planetasyndan Neýtiri (Zoi Saldana) boldy. Bu bölümde olar çagalary terbiýeläp, ýene Ýerde ýaşaýanlara garşy durmaga mejbur bolýarlar.

13
132