Mercedes_fan
03.01.2023 23:53
,,Awatar 2'' taryhda iň girdejili 15-nji film boldy.

Jeýms Kemeronyň ylmy-fantastiki blokbasteri bolan “Awatar: Suw ýoly” üç uikendiň dowamynda dünýä prokatynda 1,38 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnady. Olardan 957 mln dollar daşary ýurt bazarlarynyň paýyna düşdi. Bu barada “Deadline” ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

ABŞ-nyň çäginden daşary girdeji ýygymynyň şu hepdäniň dowamynda 1 mlrd dollardan geçmegine garaşylýar. Bu lenta eýýäm taryhda iň girdejili filmleriň sanawynda “Garri Potter we Ölüm peşgeşi. II bölüm” filmini ($1,342 mlrd) 15-nji orundan gysyp çykardy.
“Suw ýoly” “Awataryň” meýilleşdirilen dört dowamynyň birinjisidir. Ikinji bölümiň baş gahrymanlary ýene-de ýerli Jeýk Salli (Sem Uortington) we Pandora planetasyndan Neýtiri (Zoi Saldana) boldy. Bu bölümde olar çagalary terbiýeläp, ýene Ýerde ýaşaýanlara garşy durmaga mejbur bolýarlar.

13
132
olia
4 Yanwar 2023
Şuň 1njisi horjunda bar ekeni ýöne her zat edip gördüm açanok. Kaçestwosyny iň pesinde goýubam gördüm bolmady nm üçindir
ideallider
4 Yanwar 2023
4K bolmanda HD formata garşypýörn. Aslynda gowy hildäki(kaçestwa) kinolar tas 100giga bolýan ekenä👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.