Mercedes_fan
22.04.2023 08:55
Nýu-Ýork iň köp millionerli şäherleriň sanawynda ýene-de birinji orny eýeledi.

Nýu-Ýork, geçen ýylda bolşy ýaly, iň köp millionerleriň ýaşaýan şäherleriniň sanawynda ýene-de öňdäki orny eýeledi.

Report agentliginiň habar bermegine görä, muňa Henley& Partners we New World Wealth neşirlerinde çap edilen “2023-nji ýylyň iň baý şäherleriniň” sanawy şaýatlyk edýär.
Hytaý we amerikan şäherleri bu sanawda öňdäki orunlary eýeleýär. Öňdäki top-10-ga giren ýeke-täk ýewropa şäheri London boldy.
Bellenilişe görä, Nýu-Ýorkda häzirki wagtda 340 müň millioner ýaşaýar. 10 ýyl mundan öň bu sanawda öňdeligi eýelän Tokio (Ýaponiýa) 290,3 müň millioneri bilen ikinji, San-Fransisko (ABŞ) 285 müň adam bilen üçünji orny eýeleýär. Dördünji orunda London (Beýik Britaniýa ) 285 müň, Singapur bolsa bäşinji orunda 240,1 müň millioner.
Geçen ýylda hem öňdäki orny eýelän bäş şäher, bu ýylda hem ornuny üýtgetmedi. Los-Anjeles (ABŞ) altynjy ornuny (205, 4 millioner) saklap galypdyr, ýöne Çikago we Hýuston ilkinji onlukdan düşdi. Emma Gonkong (129,5 müň millioner) welin ýedinji orny eýeläp, sanawa gaýdyp geldi. Sekizinji we dokuzynjy orunlary Pekin (128,2 müň millioner) we Şanhaý ( 127,2 müň millioner) eýeledi.
Ilkinji onluklaryň sanawy Sidneý (126,9 müň millioner) bilen tamamlandy.
16
136
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.