Mercedes_fan
05.05.2024 23:21
Özuňi multifilmde ýaly duý:Pixar studiýasynyň ,,Ýokaryk,, multifilmindäki jaý kärendesine berilýär.
Pixar studiýasynynyň “Ýokaryk” («Вверх») multfilminiň baş gahrymany Karl Fredrikseniň uçýan jaýynyň nusgasy ýaşaýyş jaýyny kärendesine almak üçin Airbnb onlaýn-platformasynda peýda boldy. Ýöne kärendäniň bahasy bildirişde görkezilmeýär.

Up House atly jaýyň üçeginde 8 müň howa şary bar. Eger isleseler, kärendeçiler göteriji kranyň kömegi bilen Ýerden ýokary galyp bilerler. Jaý Nýu-Meksiko ştatynyň Abikiu şäheriniň ajaýyp gyzyl gaýalarynyň arasynda ýerleşen diýlip, bildirişde bellenilýär.
Jaý dört myhmana niýetlenendir. Bu ýerde ýatylýan otag, myhman otagy we hammam otagy bar. Özboluşly myhmanhananyň interýerleri we bezeg predmetleri hem multfilmdäki ýaly görünýär, diwarlarda bolsa onuň gahrymanlarynyň suratyny tapmak bolýar.
15
43
atakulyyewa_humay
6 May 2024
Shular yaly jayda ýaşaysan 😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.