Melikee
Melikee
30.07.2022 16:54
Melikee
Melikee
30.07.2022 08:50
Ykbalymda düşlän ynsan .. Bir gün saňa täze ýazan goşgumy okadanym ýadyňdamy henizem ? Belki şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman bu wakany unudansyňam .Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze
Melikee
Melikee
30.07.2022 08:09
Ispaniýada mekdep mugallymy bolup işleýän Daniel Alkon 39 sagat, 37 minut, 54 sekunt yzyny kesmän rep okap Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Alkon öz çykyşyny You Tube-de göni ýaýlymda
Melikee
29.07.2022 18:37
27
154
Melikee
Melikee
29.07.2022 18:30
Melikee
Melikee
28.07.2022 17:52
Her bir täze görüşen ynsanyň bilen başlanan söhbetdeşligiň we duýdansyz gelen duýgulara sebäp bolýan sözleriň hem başyny başlaýan söz " Salam ! " bolsa gerek .Söýgi bilen iki ynsany
Melikee
Melikee
28.07.2022 13:27
Hormatly admin ! Şu gün mende suratdakylar ýaly ýazgylar peýda bolup başlady.Menýu,post, çat ýa beýleki bölümlere giremde şeýle hatlar ýüze çykýar.Yzygiderli gaýtalap girmäge çalyşýan, ahyry girip
Melikee
28.07.2022 08:26

Ejesi bilen kakasy her ýyl tomsuna ogullaryny mamalaryna gezmäge ugradanlarynda, otluda bile gidip, ertesi ýene şol otly bilen yzyna gaýdar ekenler.Oglanjyk ulalyp ese-boýa gelenden soň, ejesi bilen kaksyna:
- Men indi ullakan oglan boldum.Indi mamamlara ýeke özüm gidibereýin..- diýip ýalbarypdyr.Ejesi bilen kakasy birbada oňa näme diýjegini bilmändir.Ýöne soň öz aralarynda " Ýeri bolýarda.." diýen netijä gelipdirler.
Mamalaryna gidilmeli gün hem gelip ýetipdir.Ejesi bilen kakasy elleri galgadyşyp, otlynyň penjiresinden ogullaryna sargyt baryny edýärmişler.Ogullarynyň bolsa göwnibir ýaly, gaýtam:
- Bolýa, düşündim.Aýdyp ýadamadyňyzmaý..Arkaýyn bolaýyň, öz başymy özüm çararyn- diýip hüňňerdeýärmiş.Şol ýerden entek otly ugramanka kakasy oglunuň jübsüne kagyz bölejigini gysdyryp, şeýle diýipdir :
- Oglum, adamçylykdyr.Birden-kä ýolda gorksaň ýa-da ýüregiň gyssa, şuňa seredäýersiňd-ä.
Otly ugrapdyr.Oglanjyk hem küpäniň içinde nätanyş adamlar bilen ýeke galypdyr.Ýolbelet gelip ondan petegi sorapdyr.Oglanjyk özüniň ýeke barýandygyny aýdyp, petegini uzadypdyr.Muny eşidip küpedäkiler , oglana nebsagyrjylyk bilen seredipdirler.Hat-da oturanlaryň arasynda " Bujagaz agzy sary oglanyň ýolda ýeke özi näme işi barka .. diýýän ýaly äheňde seretýänleri hem barmyş..
Şeýlelikde oglanjyk özüni gaty oňaýsyz duýup başlapdyr.Onsoň ol bir gyra geçip, çugtdurup oturyberipdir.Birhaýukdan soň , gözüne ýaş aýlanyp, ýaňaklaryndan aşak syrylyp başlapdyr.Ine şol pursat hem kakasynyň beren kagyzjygy ýadyna düşüp gözlemäge başlapdyr.Açyp okasa ýekeje sözlem ýazylgy eken :

Oglum , biz soňky wagondadyrys !
18
82
Melikee
28.07.2022 08:01
21
134
Melikee
28.07.2022 08:00
17
123