https://owrenmeli.app/27954-yerdaki-gorayjylarymyz.html#comment
Melikee
28.07.2022 08:26
Ejesi bilen kakasy her ýyl tomsuna ogullaryny mamalaryna gezmäge ugradanlarynda, otluda bile gidip, ertesi ýene şol otly bilen yzyna gaýdar ekenler.Oglanjyk ulalyp ese-boýa gelenden soň, ejesi bilen kaksyna:
- Men indi ullakan oglan boldum.Indi mamamlara ýeke özüm gidibereýin..- diýip ýalbarypdyr.Ejesi bilen kakasy birbada oňa näme diýjegini bilmändir.Ýöne soň öz aralarynda " Ýeri bolýarda.." diýen netijä gelipdirler.
Mamalaryna gidilmeli gün hem gelip ýetipdir.Ejesi bilen kakasy elleri galgadyşyp, otlynyň penjiresinden ogullaryna sargyt baryny edýärmişler.Ogullarynyň bolsa göwnibir ýaly, gaýtam:
- Bolýa, düşündim.Aýdyp ýadamadyňyzmaý..Arkaýyn bolaýyň, öz başymy özüm çararyn- diýip hüňňerdeýärmiş.Şol ýerden entek otly ugramanka kakasy oglunuň jübsüne kagyz bölejigini gysdyryp, şeýle diýipdir :
- Oglum, adamçylykdyr.Birden-kä ýolda gorksaň ýa-da ýüregiň gyssa, şuňa seredäýersiňd-ä.
Otly ugrapdyr.Oglanjyk hem küpäniň içinde nätanyş adamlar bilen ýeke galypdyr.Ýolbelet gelip ondan petegi sorapdyr.Oglanjyk özüniň ýeke barýandygyny aýdyp, petegini uzadypdyr.Muny eşidip küpedäkiler , oglana nebsagyrjylyk bilen seredipdirler.Hat-da oturanlaryň arasynda " Bujagaz agzy sary oglanyň ýolda ýeke özi näme işi barka .. diýýän ýaly äheňde seretýänleri hem barmyş..
Şeýlelikde oglanjyk özüni gaty oňaýsyz duýup başlapdyr.Onsoň ol bir gyra geçip, çugtdurup oturyberipdir.Birhaýukdan soň , gözüne ýaş aýlanyp, ýaňaklaryndan aşak syrylyp başlapdyr.Ine şol pursat hem kakasynyň beren kagyzjygy ýadyna düşüp gözlemäge başlapdyr.Açyp okasa ýekeje sözlem ýazylgy eken :
Oglum , biz soňky wagondadyrys !
18
82