https://owrenmeli.app/28099-oylanmalar-toplumyndanawtorynabelli.html#comment
Melikee
30.07.2022 08:50
Ykbalymda düşlän ynsan ..Bir gün saňa täze ýazan goşgumy okadanym ýadyňdamy henizem ? Belki şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman bu wakany unudansyňam .Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze ýazan goşgymda göniden-göni seniň suratyňy çekeýän bolsa näme .Ýöne sen munu näme üçin aňşyrmadyňkaň..?! Belki bilensiňem.Okan badyňa kime ýazylandygyny bilmek bolandyr bar küýüň.
Meňkem şol çekinjeňlikdä-ä.Aýdyp bilmedim.Utanjaňlykdan utuldym ýene.Meni bagyşlawer, saňa şol gün dogry zady aýan etmedim.Goşgunyň gönümel saňa degişlidigini aýdyp bilmedim.Megerem şol goşgymy okap, özüňe bolan söýgümi duýan bolmagyňam ahmal.Ine, indem men şool aýdyp bilmedik hakykatymy ýazyp beýan edýärin.Peýdasy degjek bolanynda öwran-öwran aýtmagada taýyn.Şol goşguny saňa bagyşlap ýazypdym..
14
121