Melikee
28.07.2022 17:52


Her bir täze görüşen ynsanyň bilen başlanan söhbetdeşligiň we duýdansyz gelen duýgulara sebäp bolýan sözleriň hem başyny başlaýan söz " Salam ! " bolsa gerek .Söýgi bilen iki ynsany ysnyşdyrýan, yşka sebäp bolýan sözüň başam şol bolýan eken.Durmuşda hiç bir zatdan tamakin bolman ýaşap ýören pursadyňda salam berip biri geler garşyňa.Elbetde senem salamyny alyp, salam berersiň.Şol wagt araňyzda dörän gorkuly we gözel duýgular eýýamlardan täleýňe ýazylan duýgularyň başlandygy oýuňada gelmeýär.Dagy nirden biljek tötenden duşup, tötänden tanyşan ynsanyň seniň kalbyňda, durmuşuňda çuňňur ýer aljagyny.Emma ortada şeýle bir gapma-garşylyklar, päsgelçilikler bolup biler welin, sende wysala ýetmek mümkinçiligi diýerli galmaz.Bile bolup bilmejegiňi bilseňde söýersiň.Edil bir gün öljegiňi bilseňde ýaşaýşyň ýaly.Hakyt gözleriň bilen gözleriniň içine seredip, duýgularyňy aýan edip bilmejegiňi bilseňde söýýäň.Edil ummanda ýüzüp bilmejegiňi bilseňde, kenara çykmak üçin ýüzüşiň ýaly.Jemalyny görüp bilmejegiňi bileseňem söýýäň.Edil howany görmeseňem, ondan dem alşyň ýaly.Dogry başda duýgularyňy seljerjegem bolýaň " Buda öňkiler ýaly ötegçi duýgulardyr.." diýip, garaşybam görýäň " Belki unudaryn.." diýip, işiňe gümra bolýaň " Belki ol hakda oýlanmaryn.." diýip, emma bolanok.Ýatsaň-tursaň aňyňda şol.Duýgularyňa erk edip bilmän aglasyň geler.Bukulup aglarsyň " Belki köşeşerin.." diýip.Şol wagtam gapydan biri geler.Senem aglanyňy bildirmejek bolup gözüňi owkalarsyň "Gözüme gum girdile.."...Ölüm bilen ýaşaýşyň ortasynda galyp jan çekişýän hassa ýaly duýarsyň özüňi.Onuň bilen bir gün ýaşamak ýa-da onsuz bütün ömür ahyr zamana çenli ýaşamak mümkinçiligini telkip etseler, hiç ikirjiňlenmän bir günem bolsa onuň bilen ýaşamagy saýlarsyň.

Hamala tanşanyňda hiç aýrylmajak ýaly bolar, emma aýrylmaga sebäp tapylýar
Aýralygyň yzgaryny seniň bütin bedeniňi gaplansoň, kelläňde bir sorag aýlanar "Indi nädip ýaşarkam .." Hamala öň ýaşamaýan ýaly.Oýlanmaryn diýip ýene ol hakda oýlanarsyň.Çydap bilmen, döz gelmen diýersiň, ýöne ähli dertleri ýekänme-ýekän bagryňdan geçirersiň.Aýralygyň ajysyny çekmän ondan gutulyp bilmersiň.Ökünersiň, oýlanarsyň ep-esli wagtdan soň belki unudarsyň...Ýok-ýok, ýalňyş düşünme.Unudarsyň diýip söýgüňi diýmedim.Söýgüňi zaman ahyryna çenli unudyp bilmersiň.Aýralykdan soňky awuly ýaralaram bitmez , ýöne biraz ýadyňdan çykyşar şolary unudarsyň.Özüňe näme bolanyny, näme arzuwlaryň barlygyny, näme üçin ýaşap ýöreniňi, näme edeniňi , näme etjekligiňi umuman bütin barlygy unudarsyň.Eger sen gark bolman ýaşamagy başarsaň...
32
310
melek06
5 Aprel 2023
Kartinkadaky sözler 😍👍🏻
Melikee
8 Awgust 2022
🌺🌺🌺🌺🌺
Melikee
29 Iýul 2022
Myhman,Salam, zerurlugy ýokdeý !
Papatya
29 Iýul 2022
🤔🤔🤔🤔🤔
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
Salam Melike biz tanyshyp bilerismi
Myhman Myhman
29 Iýul 2022
Sòzleri owadan eken
perizadym
28 Iýul 2022
♥️👍....✨
ArslanYazly
28 Iýul 2022
Dusia,hawalaý näme üçin kelläñi agyrtjak dogry dämi. Aç bir türk serial ömrüñde görmedik romantikalaryñ hödürleýär
Melikee
28 Iýul 2022
TKM..,maslahatyňy geljekde göz öňüne tutaryn......bolýa.
Dusia
28 Iýul 2022
Aý opşam söýmeli däldä hiçkimi 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.