Melikee
21.08.2022 08:56
Sen nähili uklaýanyňy aýt!



Nýu-Ýorkly doktor Dankel uklaýanlaryň ýatyşyny synlap, olaryň häsiýetini we durmuşda özüni alyp baryşyny bilmek boljakdygyny öz gözegçiliklerinde kesgitläpdir we şeýle netijä gelipdir:


1.📌 Eger-de adam garnyna ýassygy gysyp, büküdip, haýsy hem bolsa bir egnine ýatýan bolsa, ol durmuşda gowşak we nalajedeýin. Elmydama özünden güýçlüden hemaýata we ýardama mätäç.

2.📌 Eger-de uklaýan çalaja büküdip, ellerini, aýaklaryny hem ýaýradyp, ýöne gapdalyna ýatýan bolsa, onda ol durnukly, parahat we her bir ýagdaýa tiz uýgunlaşmagy başarýan adam.

3.📌 Ýeňsesine ýatýan adamlaryň ukusy ýaramaz, olary durmuş läliksiredenok we olar islendik minutda oýanmaga hem-de hakykatyň ýowuzlyklaryna taýýar.

4.📌 Arkanlygyna ýatýan adamlar gündelik durmuşda özüne ynanýarlar, olar güýçli, arkaýyn töwerekdäkileriň arasynda özüni has dogumly hasaplaýar. Esasan, şeýle ýagdaýda maşgalada hemmäniň üns merkezinde bolan çagalar uklaýarlar.

5.📌 Käbir adamlar hamala turup, bir ýana ugrabermekçi ýaly aýaklaryny krowatdan aşak sallap uklaýarlar. Bu näme boldugy? Bu adamlar hakyky durmuşda hem mydama hasanaklap ýörendirler. Käbir adamlar bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp uklaýarlar. Bu uklap ýatanyň biynjalykdygyndan, töwerekde bolup geçýän zatlardan baş çykaryp bilmän aljyraýandygyndan habar berýär.

6.📌 Kellesini ýorgana gaýym büräp, zordan burnunyň ujuny görkezip ýatýan adamlar durmuşda künjege bukulýarlar, olar köpçüligiň arasynda utanjaň, umuman, durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolmaga gorkýarlar.

7.📌 Ýüzin ýatan adam durmuşda her hili duýdansyzlygy halamaýar, elmydama anyk we ykjam. Hiç wagt duşuşyga gijä galmaýarlar.
9
145
Melikee
Melikee
21.08.2022 07:49
🔷 Pingiwinler süýji suwlary içmeýärler.Olar deňiz suwunyň duzuny aýryp bölýärler.Olarda suwdaky duzlary aýyrýan ýörite mäzler bolýar. 🔶 Begamotyň hamynyň galyňlygy 4 sm bolup, ol adamyňkydan 8 esse
Melikee
Melikee
17.08.2022 15:21
Yᴀᴘᴏɴɪʏᴀᴅᴀ ᴍᴀᴢᴀʀ ᴅᴀsʜʟᴀʀʏɴᴅᴀ ǫʀ ᴋᴏᴅʟᴀʀʏ ᴀʀᴋᴀʟʏ ᴛᴀɴᴀᴘ ʙᴏʟʏᴀɴᴅʏʀ.
Melikee
17.08.2022 08:55
30
164
Melikee
17.08.2022 08:50
24
172
Melikee
17.08.2022 08:48
29
169
Melikee
Melikee
16.08.2022 17:46
Ýadyňdamy ? On ýyl ötüpdir eýýäm, Bile geçen günlerimiziň üstünden. Indi bolsa ne-hä senden habar bar, Galdykmy ýa ýalanlaryň astynda !? Andlarymyz gury boldy owarram, Kim ýazykly, bilmen menmi ýa
Melikee
Melikee
16.08.2022 15:59
Telefon ulanşyňyza seredip, häsiýetiňizi biliň ! Häzirki wagtda adamlaryň arasynda smartfonlaryň dürli-dürli ulanylyş usullary ýüze çykýar. Hünärmenler smartfonlarynyň ulanylyş usullaryna seredip,
Melikee
Melikee
14.08.2022 10:14
Ýalan ýylgyryşda saklap gaýgymy, Bagtly ýaly görinmekden ýadadym. Ses edip gülýäkäm asyl kalbymda, Sessiz-sessiz aglamakdan ýadadym. Ýadadym hemme zat gelýär üstüme, Çykan ýaly bary meniň kastyma.
Melikee
Melikee
14.08.2022 10:04