Melikee
21.08.2022 08:56
Sen nähili uklaýanyňy aýt!



Nýu-Ýorkly doktor Dankel uklaýanlaryň ýatyşyny synlap, olaryň häsiýetini we durmuşda özüni alyp baryşyny bilmek boljakdygyny öz gözegçiliklerinde kesgitläpdir we şeýle netijä gelipdir:


1.📌 Eger-de adam garnyna ýassygy gysyp, büküdip, haýsy hem bolsa bir egnine ýatýan bolsa, ol durmuşda gowşak we nalajedeýin. Elmydama özünden güýçlüden hemaýata we ýardama mätäç.

2.📌 Eger-de uklaýan çalaja büküdip, ellerini, aýaklaryny hem ýaýradyp, ýöne gapdalyna ýatýan bolsa, onda ol durnukly, parahat we her bir ýagdaýa tiz uýgunlaşmagy başarýan adam.

3.📌 Ýeňsesine ýatýan adamlaryň ukusy ýaramaz, olary durmuş läliksiredenok we olar islendik minutda oýanmaga hem-de hakykatyň ýowuzlyklaryna taýýar.

4.📌 Arkanlygyna ýatýan adamlar gündelik durmuşda özüne ynanýarlar, olar güýçli, arkaýyn töwerekdäkileriň arasynda özüni has dogumly hasaplaýar. Esasan, şeýle ýagdaýda maşgalada hemmäniň üns merkezinde bolan çagalar uklaýarlar.

5.📌 Käbir adamlar hamala turup, bir ýana ugrabermekçi ýaly aýaklaryny krowatdan aşak sallap uklaýarlar. Bu näme boldugy? Bu adamlar hakyky durmuşda hem mydama hasanaklap ýörendirler. Käbir adamlar bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp uklaýarlar. Bu uklap ýatanyň biynjalykdygyndan, töwerekde bolup geçýän zatlardan baş çykaryp bilmän aljyraýandygyndan habar berýär.

6.📌 Kellesini ýorgana gaýym büräp, zordan burnunyň ujuny görkezip ýatýan adamlar durmuşda künjege bukulýarlar, olar köpçüligiň arasynda utanjaň, umuman, durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolmaga gorkýarlar.

7.📌 Ýüzin ýatan adam durmuşda her hili duýdansyzlygy halamaýar, elmydama anyk we ykjam. Hiç wagt duşuşyga gijä galmaýarlar.
9
145
abdy_dayy
21 Awgust 2022
TKM.., name duyan bolsan dusunmedimlay

Melikee, hic zat pozulanak
Melikee
21 Awgust 2022
Howwa men okap yetishmankam pozushduruñ..🧐😟🤧
abdy_dayy
21 Awgust 2022
TKM.., name ucn nam boldy dosjan bordenha gabandyn oytyan
abdy_dayy
21 Awgust 2022
Melikee, yoklay ol yagday kawagtlar bolaymasa

Melikee, ozn bilen tanysdyraysan
Melikee
21 Awgust 2022
Esger.80,men yaly öçürip ,yene yatyan bolmasan bolyala..🙃😴🥴
abdy_dayy
21 Awgust 2022
Mena yatsam budilnik gursam hokman iki uc minut onunca turyan yone budilnik gurmasa wapse galmayan 😊😊😊
Melikee
21 Awgust 2022
Dusia,o barada bilemok..🤒
Dusia
21 Awgust 2022
Kellesini ýassyga goýman uklaýanlar bar olar nämekä 👍👌
wolf
21 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍

Ýatsam jahan urşy gidip oturan bolsada turomok 😆
Возможность комментирования данной публикации было отключена.