Melikee
16.08.2022 17:46
Ýadyňdamy ? On ýyl ötüpdir eýýäm,
Bile geçen günlerimiziň üstünden.
Indi bolsa ne-hä senden habar bar,
Galdykmy ýa ýalanlaryň astynda !?

Andlarymyz gury boldy owarram,
Kim ýazykly, bilmen menmi ýa senmi,
Men-ä ýat ýerlerde öýli-işikli,
Bir göwnüm gülkide bir göwnüm kemli.

Pasyllar aýlandy, aý-ýyllar ötdi,
Sen bolsa habaram tutmadyň asla.
Göý-ä päk söýgümiz ýaýrady ýele,
Men-ä zemin boldum,sen bolsa asman.

Gitdiň, şol gidişiň dolanmadyň soň,
Sendir öýtdim gapy kakyp gelene.
Haýyş edýän, birje nazar sal ahyr,
Emsiz galan ýüregimi elemän.

Söýmedigiň bilen ýaşaşyp gezmek,
Öz janyňa özüň kast etmek eken.
Sensiz bu ömrümiň manysy öçdi,
Ýaraly kalbyma çümüp dur diken.

Şemal össe, saňa salamym ýoldap,
Öz göwnümi özüm aldap ýörişim.
Boýun alsam utulanymy her gezek,
Kalby dilýär içde galan nalyşym.

Ah bolýa-la janyň sag gezewergin,
Çeken men bolaýyn derdini köýgüň.
Soňsuz gussalara çümdürip giden,
Ýatlamada galan ilkinji söýgüm.
13
77
Myhman Myhman
16 Awgust 2022
Malades
okayjy
16 Awgust 2022
Poet,Ýalan sözläbem bolmadymy 😁😂🤣
gulshatayewa97
16 Awgust 2022
Söýmedigiň bilen ýaşaşyp gezmek, Öz janyňa özüň kast etmek eken.... (goşgyny haladym)🌹🌹🌹
Poet
16 Awgust 2022
Ozalam bir yerde okapdym diyjek boldum welin, awtorynyň adyny soň gördüm 👍👍👍
wolf
16 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
okayjy
16 Awgust 2022
Tüweleme şahyrlarmyz köpelýä. Gowja goşgy bolupdyr 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.