Melikee
14.08.2022 10:14

Ýalan ýylgyryşda saklap gaýgymy,
Bagtly ýaly görinmekden ýadadym.
Ses edip gülýäkäm asyl kalbymda,
Sessiz-sessiz aglamakdan ýadadym.

Ýadadym hemme zat gelýär üstüme,
Çykan ýaly bary meniň kastyma.
Doýmadyňmy durmuş gynap aýtsana,
Güýçli ýaly görünmekden ýadadym.

Söýülýändirin öýtdim söýüşim ýaly,
Beýle däl ekeni bilişim ýaly.
Indi agyr degýär bularyň bary,
Men-ä indi ýaşamakdan ýadadym.

13
87
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Bet bolupdyr
Myhman Myhman
14 Awgust 2022
Tas şahyr bolupdyň, borduňam belki😁
Gülhan
14 Awgust 2022
Doýmadyñmy durmuş gynap aýtsana, Güýçli ýaly görünmekden ýadadym..*
Милая.G
14 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
wolf
14 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
SerdarMyradov
14 Awgust 2022
sen beyik bol sebap halkyn beyitkdir turkmenin pes ogly bolmak ile ayypdyr!!!✌✌✌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.