Madmazella
08.02.2024 20:31
Bir şeye muhtaç olduğunda o şey senden uzaklaşır ama muhtaç olmadığını hissettiğin an kendiliğinden gelir. Çok sevdiğim bir söz vardır. Hayatta çok istediğiniz şeyler siz onları heyecanla beklerken olmaz.
Bu hayatın size "Sen bakarken soyunamiyorum" deme şeklidir.
20
23
Madmazella
07.02.2024 17:36
Nasibinde varsa alırsın karıncadan bile ders,
Nasibinde yoksa bütün dünya önüne serilse sana ters.


-Mevlana
26
58
Madmazella
06.02.2024 17:13
Wagt geçip barýar ömürden gädip

Sen özgäň öýünde, görmeli nädip?

Ynansaň erkimi özüm örkledim

Parahat durmuşyň bozaryn öýdüp
18
20
Madmazella
05.02.2024 22:13
Söýgüde günä ýok, günä adatda

Ýaş beýnini aldadylar elbetde

Indem çekip ýöris aýralyk dagyn

Çekerisem diri bolsak aýatda...
20
36
Madmazella
12.05.2023 06:32
Saçak ýygnaldygy gybat başlanýar,
Topby ýalyk aýak uja taşlanýar.
Gülkileri goňşy jaýa eşdilýär,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Hersi gürrüň berýär bolan wakany,
Boşadýarlar içi çaýly käsäni.
Wada berip doldurýarlar kisäni,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Agyzdan başlanýar gürrüňleň başy,
Saýlanok kiçini ýa uly ýaşy.
Tomaşa öwrülýär töwerek daşy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Çagalarnyň hersin bir ýan kowarlar,
Bir birlerini taryp edip öwerler.
Şol gijäni şeýdip hezil sowarlar,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
23
92
Madmazella
01.05.2023 20:11

Geçip gitdiň köçämizden yz goýup

Elewreýän ýüregimde köz goýup


Pynhan pynhan seretdim men yzyňdan

Göwnüň galan eken söýen gyzyňdan


Öwrülübem bakmadyň sen men sary

Duýmadyňmy ýüregmiň atygsanny?!


Öýke rüstem geldi yşkdan heserden

Ne beýle sen hüşgär gözli eserdeň!


Umyt urnup galdy honda tazygyp

Aýt ahyry nedir meniň ýazygym


Geçip gitdiň hut duşumdan öýkeli

Gel bar zady geçen geçdi öýdeli...



Dursun Tekäýewa

14
39
Madmazella
30.04.2023 11:02

Bir başyny tutduňmy kem goýma işde

Göwnüňe degseler et goýma dişde

Bu durmuşdyr käte bolar käýinçde

İň soňkuja sözi sözlemegin gyz


Bir ýigit söz gatar synlagyn ilki

Ol seni ýürekden söýýändir belki

Ýigit bardyr her dişinde bir gülki

Ony duýsaň çala duzlamagyn gyz


Bir gün çyn ýürekden söýýänem duşar

Gynansaň gynanyp şatlansaň joşar

Gerekli sen diýip daglardan aşar

Söýdüňmi söýgiňi gizlemegin gyz


Birdenem gar ýagsa ýaryň ýüzünden

Bala derek zäher ýagsa sözünden

İçki syryn aňlajak bol sözünden

Wepasyzmy yzyn yzlamagyn gyz


Söýgüni harlanyň bagty boýlamaz

Gülden güle gonup uzak ýaýnamaz

Yşky ýoguň kalby joşup gaýnamaz

Her kime sözüň sözlemegin gyz


Biwepaň ýoluna gyzganlar gitsin

Söýgüni harlajak owarra gitsin

Diňe diliňden däl kalbyňdan gitsin

Gaýdyp şol ýigidi gözlemegin gyz

Şol hakda hiç wagt sözlemegin gyz

22
95
Madmazella
29.04.2023 14:17

Söýmek aňsatmy diýip sorasalar menden,

Maslahat bererdim hiç wagt söýäýme çenden.

İlki şatlygyň, soňra gaýgyň artar gün-günden,

Aýralyga duş gelseň ölesiň geler kem-kemden.


Söýseň ilki gürleşersiň däli ýaly gijeleri,

Söýene arzuwym, bir çyksyn ähli bijeleri.

Aýrylaýsaň ötürersiň aglap ençe gijeleri,

Özüňem oýlanyp gör, ölen söýgi güýjelermi.



A.A.Ýusupowiç

23
123
Madmazella
27.04.2023 17:17

Bu ýadawlyk gutormaz.

Bu wagta çenli kime kömek gerek bolsa ylgadyk. Ýanynda bolmagymyzy isleýän kim bar bolsa ýanynda bolduk. Bir gün bolsada hiç kimiň ýanyna erwetlik bilen gitmedik. Hiçkime arkamyzy öwürmedik. Ýok diýmedik, bolmaz diýmedik. Elimizden näme gelýän bolsa hemmesini berdik. Hiçkim bizi ýitirmekden gorkmady, ýitirmekden gorkýan diňe biz bolduk.

Birnäçe wagt soň diňe özümizi ýadatýanlygymyzy bildik. Soň bolsa näme etsek edeli bu ýadawlygy diňdirip bilmedik. Sebäbi biz bahanalar tapýan, bir zatlardan gaçýan, edenleri we etjekleri dilinde bolan adamlardan däldik. Bolubam bilmezdik.


Biz ýok diýmegi, işim bar diýmegi, bolmaz diýmegi oňarmaýan adamlardyrys. Ýadawlygymyz gutormaz biziň.

10
25
Madmazella
26.04.2023 20:50

Geçeni geçdi bil diýýär gojalar,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?

Ýaşlygyň ýelgini,

Aýdyň gijeler,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Mekdepdäki ýönekeýje partalar,

Meýdandaky ak pagtaly kartalar,

Gyrmyzdonlar,

Keteniler,

Kürteler...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Aýterekler günterekler hatarlar,

Monjugatdy, ertekiler, matallar,

Käte gün dogarlar,

Kä gün batarlar,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?


Ýap boýunda biten serwi derekler,

Söýülýän hem söýýän juwan ýürekler,

Aýjemallar, Güljemallar, Gerekler...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


At çapylýan asman ýaly alalar,

Goşa örüm saça urlan şanalar,

Gijelere şerbet gatan läleler,

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Aýdym, şygyr, poemalar, odalar,

Teoremalar, kanunlar hem kadalar,

Edilen şert,

Berilen söz, wadalar

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Gülleri seňkidir ter gülli bagyň,

Silleri seňkidir dumanly dagyň,

Şol günlerde galdy iň ajap çagyň...

Heý geçen günlerem undup bolarmy?!


Nury Baýramow

24
92