Madmazella
12.05.2023 06:32
Saçak ýygnaldygy gybat başlanýar,
Topby ýalyk aýak uja taşlanýar.
Gülkileri goňşy jaýa eşdilýär,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Hersi gürrüň berýär bolan wakany,
Boşadýarlar içi çaýly käsäni.
Wada berip doldurýarlar kisäni,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Agyzdan başlanýar gürrüňleň başy,
Saýlanok kiçini ýa uly ýaşy.
Tomaşa öwrülýär töwerek daşy,
Üýşülende aýal doganlar bilen.

Çagalarnyň hersin bir ýan kowarlar,
Bir birlerini taryp edip öwerler.
Şol gijäni şeýdip hezil sowarlar,
Üýşülende aýal doganlar bilen.
23
92
pres
19 Mart 2024
@fhny, aysatkam gowymy 🌹🌹😔
fhny
19 Mart 2024
Hakyky madmazellam
ssulya
14 Yanwar 2024
Awtor Nartäç Ý.
okyjy dz
12 May 2023
Madmazella, aýtma gaty hezilda🥰
senorita
12 May 2023
Hakyky 😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.